Ýakynda orsýetli esgeriň aýalydygyny aýdýan zenan täzelikde ene bolan ýa-da ene bolmaga garaşýanlar üçin niýetlenen internet blogundaky forumda çykyş edip, öz adamysynyň ýaňy-ýakynda Russiýanyň Gara deňiz flotunda wezipä bellenmegi bilen bagly aladalaryny beýan edýär.
“Edil häzir olar uzak wagtlyk sapar bilen Siriýa tarap barýarlar. Hawa, hawa, men ol ýeriniň örän HOWPLUDYGYNY bilýärin – ýöne men hiç zady çözemok we hiç kim menden onuň şol ýere gitmegini isläp-islemeýändigimi hem soranok” diýip, Ýuliýa atly şahs rus dilinde ýazan teswirinde öz adamsy we onuň esger dostlary barada ýazypdyr.
Şol orsýetli esgerleriň Siriýa sapar etmegi adaty bolmadyk bir zat däl: Sebäbi Russiýa Siriýanyň Ortaýer deňzindäki Tartus portuny ençeme ýyl bäri goldap gelýär we prezident Başar al-Assadyň hökümetini ýaraglar bilen üpjün edýär.
Emma Ýuliýanyň 2-nji sentýabrda çap eden maglumaty Russiýanyň Siriýada harby taýdan hereket edýändigi baradaky maglumatlaryň artan mahalyna gabat geldi. Bu maglumatlar hem günbatar hökümetleriniň arasynda Moskwanyň Assadyň hökümete garşy ýaraglylara we yslamçy söweşijilere garşy alyp barýan urşuna goşulyşmak ähtimallygy barada aladalaryň döremegine sebäp boldy.
Ýuliýanyň çap eden bu maglumaty orsýetli blogger Ruslan Lewiýewiň we onuň kärdeşleriniň gözüne ildi. Lewiýew we onuň kärdeşleri sosial ulgamlaryndaky deliller esasynda Ýuliýanyň orsýetli harby gullukçy Ýuriý Artamonowyň aýalydygyny aýdýarlar.
Olar Ýuliýa bilen aragatnaşyga geçmek we onuň adamsynyň, aýdylyşyna görä, täze ýere işe ýerleşdirilmegi barada has jikme-jik maglumat almak üçin gürrüňi edilýän internet blogunda täze hasap açýarlar.
Ýuliýa Lewiýewiň we onuň kärdeşleriniň ýazan hatyna şeýle jogap berýär: “Olara islendik zady aýan etmek gadagan edilýär. Ýöne bu zatlara garamazdan, olar aerodroma ýa-da aeroporta garawullyk etmek üçin sapar edýärler. Ýöne ol munuň uruş missiýasydygyny aýtdy”.
Bu hatlar “BabyBlog.ru-da” ýazyldy, emma häzirki wagtda pozulan bu maglumatlar orsýetli harby gullukçylaryň we olaryň dogan-garyndaşlarynyň soňky döwürde esgerleriň Siriýa gidýändigi barada ýazan ençeme mysalyndan diňe biri. Bu mysallara Russiýanyň uruş gidýän ýurtlarda öz hereketini artdyrýandygynyň alamaty hökmünde garalýar.
Lewiýew we onuň topary sosial ulgamlarda çap edilen bu maglumatlary 5-nji sentýabrda köpçülige ýetirdiler.
Bu blog 9-njy sentýabrda Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň orsýetli harby ekspertleriň Siriýadadygyny boýun almagyndan dört gün öň çap edilipdi.
Ministrligiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa bu ekspertleriň Russiýanyň ýaraglaryny Assadyň hökümetine gowşurýan işgärler bilen birlikde Siriýa gidendigini aýtdy. Moskwa özüniň bu çäreleriniň terrorizme garşy göreşmek bilen baglanyşyklydygyny aýdýar. Kreml Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary “Yslam döwleti” atly ýaragly topary basyp ýatyrmak isleýän bolsa, onda olar Assady häkimiýetden aýyrmaga synanyşmaly däl-de, onuň bilen hyzmatdaşlyk etmeli diýýär.
Döwlet departamentiniň metbugat wekili Jon Kirby 9-njy sentýabrda Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri (John Kerry) öz orsýetli kärdeşi Sergeý Lawrowa “eger Siriýada Russiýanyň harby işjeňliligi barada çykan maglumatlar dogry bolsa, onda bu has köp ýowuzlyklaryň bolmagyna getirer we gowulyga ýardam bermez” diýendigini aýtdy.
Şeýle-de 9-njy sentýabrda Ak tamyň metbugat wekili Erik Şulsz (Eric Schultz) hem Waşingtonyň gürrüňi edilýän maglumatlar dogrusynda “ýiti alada” edýändigini aýtdy.