Bagdatda türk işçileri alnyp gaçyldy

Türkiýe Bagdadyň demirgazyk-gündogarynda 18 sany türk gurluşyk işgäriniň alnyp gaçylandygyny aýdýar.

2-nji sentýabrda Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Numan Kurtulmuş: “Biz Yragyň [Içeri işler] ministrligi bilen ýakyn aragatnaşykda we biz bu wakanyň oňaýly tamamlanmagyny umyt edýäris” diýdi.

Alnyp gaçylan inženerler we gurluşykçylar Bagdadyň Sadr şäherindäki şaýy etrabynda sport kompleksini gurýan türk kompaniýasynyň işgärleridir. Işgärler gurluşygyň alnyp barylýan sebitinde uklap ýatan mahaly, ýüzi örtgüli we harby geýim-gejimdäki ýaragly adamlar gelip, olary alyp gaçýarlar.

Bu wakanyň dowamynda ýowuzlyklaryň bolandygy barada maglumat berilmeýär.

Şeýle-de, bu wakanyň jogapkärçiligini henize çenli hiç bir topar öz üstüne almady.