Göze ilmeýän hyzmatlar

Kerim Gurbannepesow

Şahyr Kerim Gurbannepesow 1988-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda aradan çykdy. Türkmen halkyna bu örän agyr ýitgi boldy. Owaly bilen şeýle uly ussat aramyzdan gitdi. Ikinjiden bolsa, o wagtlar Aýdyňlyk zamanasy başlanypdy. Kommunistik syýasaty özgertmek hem aç-açanlyk barada gürrüň edilýärdi. Milli ruh oýanýardy hem milletleriň özygtyýarlygy barada azda-kände aýdylyp başlandy. Şol döwürde biziň halkymyza Kerim ýaly parasatly şahslar gerekdi. Şahyryň ölümi bolsa şol zerurlygy çuňlaşdyrdy. Şonuň üçin-de bu ýitginiň täsiri güýçli boldy.

Gülüň biten ýerinde

“Gülüň biten ýerinde gadyry ýok” diýipdirler, şahyryň ölümi Türkmenistanyň serhedinden ilerde – Türkmensährada ýaşaýan ildeşlerimiziň arasynda ýiti duýlupdyr. Öz gapysynda mal soýup, Kerim şahyryň sadakasyny beren türkmenler bolupdyr. Şondan bäri-de, olar bu güni unutman gelýärler. Her ýylyň 1-nji sentýabry Kerim Gurbannepesowyň hatyra güni hökmünde belleýärler. Onuň poeziýasyndan okaýyşlar geçirilýär. Şahyry ýatlaýarlar hem ol barada öz pikir-garaýyşlaryny aýdýarlar.

Kerim Gurbannepesowyň mazary

Bu örän dogry hem ýerlikli çäre. Her bir işde resmi hökümete baglanyp bolmaz. Aslynda Kerimi resmilere garanda, halk köpçüligi has gowy görýär hem ýakyndan tanaýar. Şonuň üçinem özara birleşip, uly şahyry ýatlamak örän gowy iş bolsa gerek.

Beýik hyzmat

Şahyryň döredijiligi örän giň hem köptaraply. Ol uly hyzmat barada aýdylyp gelinýär. Şonuň bilen birlikde, känbir göze ilmeýän, hatda wagt geçdigiçe unudylýan hyzmatlary-da az däl. Olardan şahyryň halypalyk hem redaktorlyk hyzmatyny aýratyn ýatlamak gerek. Men onuň bu iki hyzmatyna-da köp ýyllap şaýat boldum. Ol redaktorlyk hökmünde, edebi žurnalda bize ýolbaşçylyk etdi.

Kerim Gurbannepesow ençeme guramaçylyk işlerinde işlän hem bolsa, onuň esasy käri redaktorlyk boldy. Owal başda redaktor hökmünde “Türkmenistan” neşirýatynda işe başlapdyr. “Sowet edebiýaty” žurnalynda, “Tokmak” satiriki žurnalynda baş redaktor bolupdyr. 1973-nji ýylda ikinji gezek “Sowet edebiýaty” žurnalyna redaktorlyga bellendi hem saglyk ýagdaýy sebäpli pensiýa çykýança, şol ýerde işledi. Şeýlelikde, şahyryň ömrüniň başy hem aýagy redaktorlyk hyzmaty bilen jemlendi. Eger şahyrlyk, döredijilik onuň ykbaly – Ýaradanyň bagyş eden peşgeşi bolsa, redaktorlyk esasy hünäridi. Ol edil döredijiliginde bolşy ýaly, redaktorlyk hyzmatynda hem beýik mekdep döretdi.

Iki hyzmat

Redaktorlyk işinde iki hyzmat utgaşyp gidýär; onuň ilkinjisi guramaçylyk hem işi ugrukdyrmak, ikinjisi bolsa halypalyk. Kerim Gurbannepesow biziň ýolbaşçymyzdy hem halypamyzdy. Ýolbaşçylyk etmegiň beýle ýumşak adama nähili agyr bolýandygyna men soň-soňlar düşündim. Ol uly döredijiliginiň gapdaly bilen şeýle hyzmaty amala aşyryp bildi. Sebäbi bir ýerde işlemeseň, durnukly aýlyk bolmasa, diňe eseriň galam hakyna ýaşamak mümkin däldi. Onda-da Kerimiňki ýaly uly maşgalany eklemek aşa agyr boljakdy. Şonuň üçinem ol azaby görünmeýän, gadyry bilinmeýän işde işleýärdi.

Žurnalyň her sanyna gitjek golýazmalary jogapkärli göz bilen boýdan-başa okap çykýardy. Soň düzetmesi aňsat bolar ýaly, golýazmalary galam bilen okaýardy. Ýöne ýalňyş köp bolsa, gyzyl syýa bilen bellik edip, golýazmany yzyna gaýtarýardy. Goşgulary örän ünsli okaýardy. Eger aýratyn gowy gören goşgusy bolsa, begenjine işgärlere-de okap berýärdi.

Žurnal çapa taýýar bolanynda, muny ýaňadan sahypama-sahypa barlaýardy. Haýsy eseriň başdan, haýsynyň yzdan gitmelidigini iş edinip saýlaýardy. “Bu bir kitap. Dürli temadaky materiallar bir jildiň içinde ýerleşmeli. Şonuň üçin olar biri-birine sepleşmeli hem yzygiderlilik bolmaly” diýýärdi.

Kesekä jan çekmek

Ol öýünde redaktirleýän golýazmalaryna aýratyn köp zähmet siňdirýärdi. Her bölümiň başyna dürli öwüşgin bererdi. Käte üstünden setirme-setir ýazylan goşgularam bolardy. Garaz, ony ýazan adamyň özi haýran galar derejä ýetirerdi. Mundan – öz hyzmatyndan ilki özi lezzet alardy. Düzeden zatlaryny bize görkezerdi, wagty bolsa ondan okap bererdi.

Şeýdip, öz işine guwanýardy. Soňra bolsa beýle hyzmatyň gury azapdygyny boýun alýardy.

Şahyrda şeýle bent bar.

Bir ýoldaşym üçin aýaman wagt,
Gözlerimi satyp äberdim bagt.
Emma gözüm satyp kömek edenim
Ertir bir SAG BOLY bermedi mugt.

-- Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.