Täjik gyzy ‘The Atlas of Beauty’ sanawynda

Munira Mirzoýewa.

Täjigistanly gyzyň suraty dünýädäki onlarça owadan aýal-gyzlaryň arasyndan saýlanyp, “The Atlas of Beauty” atly sungat we gumanitar ylymlar boýunça websaýtda iň owadanlaryň sanawyna goşuldy. Websaýtda täjik gyzy “iň owadan köçe süpüriji” diýlip atlandyrylýar.

Bu gyz bilen gyzyklanyp, soragyň düýbüne ýetseň welin, onuň hakykatda şäheri gök-ýaşyla büremek işleri bilen meşgullanýandygyny we gülçi bolup işleýändigini bilse bolýar.

Munira Mirzoýewa

“The Atlas of Beauty” websaýty – rumyniýaly suratçy Mihaele Norok tarapyndan dolandyrylýan internet proýektdir. Ol özi barada websaýtda “syýahat edýändigini we dünýädäki tebigy owadanlyklary surata düşürip, zenanlaryň suratlary arkaly biziň planetamyzdaky üýtgeşiklikleriň üstüni açyp görkezýändigini” ýazýar.

Norok mundan bir aý çemesi ozal Täjigistana sapar eden mahaly, Munira Mirzoýewany surata düşürýär. Mihaele Norokyň Facebook sahypasynda Muniranyň bu suraty “A beautiful street cleaner in Dushanbe, Tajikistan”, ýagny “Täjigistanyň paýtagty Duşenbedäki owadan köçe süpüriji” diýlip atlandyrylýar.

19 ýaşyndaky Munira täjik paýtagty Duşenbäniň Şohmansur sebitiniň agaç ekmek bölüminde işleýär we ol özüniň owadanlygynyň sosial saýtlarda öwlüp-taryplanýandygy barada hiç zat bilmeýär. Ol ýedi adamdan ybarat maşgalasynyň esasy ekleýjisi bolup, Duşenbäni bagy-bossana öwürmek işleri bilen meşgullanýar.

Munira özüniň maşgalada iň uly çagadygyny aýdyp, öz maşgalasyndaky maddy kynçylyklar sebäpli gülçi bolandygyny aýdýar. Şeýle-de ol özüniň halal zähmet çekýändigini we öz işine buýsanýandygyny nygtaýar.

Ol özüniň beýleki deň-duşlary ýaly orta mekdebi tamamlandan soň, lukman bolmak ugrunda okuwyny dowam etdirmegi arzuw edýär. Emma onuň maşgalasyndaky durmuş şertleri bu arzuwynyň hasyl bolmagyna rugsat bermeýär. Ýöne ol arzuwynyň hasyl bolmanyna gynanmaýar, sebäbi ol “esasy zat durmuşda asuda we özgä garaşly bolman ýaşamak” diýýär.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Täjik gyzy ‘The Atlas of Beauty’ sanawynda