Azeri prokurory Ismaýilowa 9 ýyl soraýar

Žurnalist Hadija Ismaýilowanyň işini diňleýän suduň öňünde, Baku

Azerbaýjanyň döwlet prokurory derňeýji žurnalist Hadija Ismaýilowa üçin dokuz ýyl türme tussaglygyny sorady.

21-nji awgustda edilen bu talap 39 ýaşly zenan žurnalistiň işine Bakunyň sudunda ýapyk gapylaryň aňrysynda garalyp başlamagynyň ertesi öňe sürüldi.

Ençeme žurnalist, şeýle-de Fransiýanyň, Norwegiýanyň we Şwesiýanyň ilçileri 21-nji awgust diňlenişigine gatnaşmaga rugsat berilmänsoň, sud binasynyň daşynda garaşdylar.

AÝ/AR-sy bilen işleşýän we Azerbaýjanda resmileriň korrupsiýa baş goşmagy barada maglumat taýýarlan Ismaýilowa ogurlykda, salgytdan gaçmakda we öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp sud edilýär.

Sud diňlenişikleriniň 26-njy awgustda dowam etjekdigi habar berilýär.