Tagtabazar etrabynyň awtopark diýilýän jemgyýetçilik ulaglarynyň awtomobil parkynda häzirki wagtda 15-den gowrak awtobus bar. Ol awtobuslar etrabyň öz içinde, obalaryň we etraplaryň arasynda ýolagçy gatnatmak üçin niýetlenen ulaglar.
Emma häzirki wagtda şol awtobuslardan diňe 3–4 sanysy işleýär, galanlary awtoparkyň içinde döwük ýatyr. Aýdylmagyna görä, ol awtobuslaryň ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjünçiliginde dowamly kynçylyklar bar.
Awtoparkyň özüniň atlandyrylmazlygyny soran işgärlerinden biriniň beren maglumatyna görä, häzirki wagtda şol awtobuslaryň uly bir bölegi düýpli bejergä mätäç.
Hökümete bergili
“Etrabyň awtoparky häzirki wagtda Mary şäherine degişli jemgyýetçilik awtomobil edarasynyň garamagynda we ol hojalyk hasaplaşygy usulynda işleýär. Bu bolsa edaranyň öz-özüni doly üpjün etmeli bolýandygyny aňladýar” diýip, özüni Welmyrat diýip tanadan 40 ýaşlaryndaky awtobus sürüji aýdýar.
Sürüji Welmyradyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, häzirki wagtda, eger awtobusy döwülse, onda ol aýlyk alyp bilmýär. Sebäbi onuň awtobusynyň bejergi puly aýlygyndan tutulýar, şeýle ýagdaýda Welmyrat ýaly sürüjiler aýlyk almakdan geçen, gaýta ol aýda hökümete bergili bolup çykýarlar.
Ýagdaý şeýle bolansoň, sürüjiler öz hasabyna diňe ýüzleýräk näsazlygy, ýagny çykdajysy azrak kemçilikleri oňardýarlar, düýpli bejergä mätäç bolan awtobuslar bolsa awtoparkda hereketsiz durlar. Olaryň haçan bejeriljegi barada hiç bir takyk maglumat ýok.
Awtobuslaryň gatnawy
Häzirki döwürde awtoparkda işlemän ýatan awtobuslaryň käbirleri şäherçeden wokzala gatnaýan bolsa, beýlekisi şäherçeden Marçak obasyna çenli gatnaýar. Olaryň gatnaýan aralygy ortaça 25-35 kilometr bolup, şol ulaglar agzalýan etrabyň we onuň töwereginde ýerleşýän obalaryň ýaşaýjylarynyň agramly böleginiň esasy ulag serişdesi bolup galýar.
Awtobuslaryň gatnawynyň azalmagy ýolagçylara-da öz täsirini ýetirýär. Bu ýagdaý häzirki günlerde benziniň gymmatlamagy bilen bagly adaty adamlara has-da öz duýarlykly täsirini ýetirýär.
Tagtabazar şäherçesi bilen wokzalyň aralygy 25 km bolup, bu ýoluň ýol kireýi awtobus üçin 1-2 manat bolsa, taksiler her ýolagçydan 6 manat talap edýärler.
Bu baha Tagtabazar ýa onuň töweregindäki kiçijik obalaryň, umuman aýdylanda, oba hojalygy, ekin-dikin bilen gün-güzaranyny aýlaýan maşgalalar üçin aňsat däl. Umuman, ýeri kärendesine alyp işledýän daýhanlaryň eline diňe olar bilen hasaplaşyk geçirilende nagt pul düşýär.
Netijede Tagtabazaryň we onuň töweregindäki obalaryň ilatynyň öňdenem az bolmadyk gündelik ýaşaýyş-durmuş kynçylyklarynyň üstüne soňky döwürde ulag problemasy hem urna boldy. Iň ýaramaz ýeri-de, bu dörän täze kynçylygyň haçan we nähili çözüljegi häzirlikçe asla belli däl.