Maýyplar modasy: Dizaýn gumanizmiň hyzmatynda

Maýyp adamlara goldaw bildirmek boýunça aksiýa, Moskwa

Maýyplar üçin ýörite geýimlere nähili zerurlyk bar? Şeýle geýimleri öndürmegiň nähili aýratynlyklary bar we fiziki taýdan kemçilikli adamlar üçin nähili geýim gerek?

Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň maýyplar we dizaýn temasyndan geçiren ýörite gepleşiginde maýyplar üçin ýörite modany döredýän, şu ugurdan bilim berýän we şeýle geýimi geýmäge höwes bildirýän hem geýýän adamlar öz pikirlerini aýtdylar.

Žurnalist Ýelena Fanaýlowanyň gepleşiginde öňe sürlen pikirleriň käbiri bilen tanyşdyrýarys.

Lýubow Zelenkina: Hondroplaziýa – muny bilýän az, bu adamyň el-aýagynyň gysga bolmagydyr. Meniň butlarym, aýaklarym, ellerim gysga, burnumam. Bu el-aýaklaryň gemirçekdäki ösüşinde jogapkär belli bir garmonyň ýetmezçiligi bilen bagly ýüze çykýan kesel. Eger deňäp görsek, meniň arkam siziňki bilen deňdir, eger men ortaça boýly aýal maşgalanyň ýanynda otursam, meniň onuň bilen boýum bir bolar, emma turanymda - derrew aşak çökýän (gülýär). Bu köýnek meniň üçin amatly däl. Modeller ýöriteläp biçilende, bu zatlaryň ählisi nazara alynýar we laýyk bolýar, problema döremeýär. Bu geýmiň uzunlygyna-da degişli: köplenç köýnekleriň boýy laýyk gelmeýär, göräýmäge mende “aýak galmaýar”. Men öň bilmeýärdim, emma biliň öz ýerinde bolmagy gelşiklilik üçin örän möhüm eken.

Ýekaterina Frolko, dizaýner: Şeýle mesele bar, gysga boýly we eli-aýagy gysga adamlar uzyn boýly adamlardan has köp hereket etmeli bolýarlar. Ýagny, eger biz bir ýerden kružkany almaly bolsak, elimizi uzadýarys-da alýarys, ol bolsa şony almak üçin elini, tutuş bedenini uzatmaly, eglip-bükülmeli bolýar. Şeýdip, adaty adamynyň etjek bir hereketine derek has köp hereket etmeli bolýar. Şu sebäpden ol günüň dowamynda has köp energiýa sarp edýär. Egilmek, aýaklaryňy galdyrmak bilen bagly kynçylyklary aradan aýryp biljek geými döretmeli boldy. Sebäbi uzynlygynyň hem uly ähmiýeti bar. Elbetde, eller – wizual täsir, elleriňi has uzyn görkezmek, aýaklaryňy uzyn görkezmek. Ol ýaş aýal maşgala ahyryn, ol özüniň halanmagyny isleýär, gyzykly bolmak, özüne ünsi çekmek isleýär.

Anna Ýefimowa, dizaýner: Protez, onuň sudury adam oturan wagty jalbarynyň daşyndan görünmez ýaly, bu ýerde galyň gurama oturdylan. Şeýle-de butlaryň ululygy biri-birinden tapawutlanýar, bir aýak galyň, beýlekisi inçe. Olary deňlemek üçin ýörite, örän galyň mata ulanylýar. Meselem, şemal turanda-da, jalbaryň bir tarapynyň boşdugy duýulmaýar.

Igor Lomakin, model: Syrmanyň oturdylandygy örän oňaýly. Sebäbi köplenç sürtüp gabardýar, tomusda, yssy bolanda rezin detallary – umuman, ädik geýen ýaly, aýak derleýär. Bir ýerde bildirmän çykaryp hem bolýar, dogrulap hem bolýar. Adaty bir jalbarda bu zatlary bildirmän edip bolmaýar, baryny çykarmaly. Bu ýerde bolsa – syrmany açdyň, bolany. Şeýle-de onuň iç tarapynda ýerleşdirilendigi amatly, ol görünmeýär, göze ilmeýär. Ýene bir oňyn tarapy - oturanyňda protezdigi o diýen göze ilmeýär. Men utanamok, mende kompleks hem ýok, emma wagtyň sarp edilmegine ýa-da aýaga ünsüň çekilmegini islemeýän ýerleriň bolýar... Muňa eliň degmeýär, bitirmek üçin gelen işiňi bitirmeli bolýar.

Tatýana Rik, arabajykly - model: Ýubka bu ýerde özboluşlyja. Onuň gapdalynda syrma bar, ol oturýan adam üçin biçilen. Adatça, men ýöne ýubka geýýärin, arabajykly adama jalbar has amatly bolsa-da, käte owadan köýnek hem geýesiň gelýär. Men haýsy-da bolsa bir uzyn toý köýnegini döretmeklerini soradym. Şeýle-de dyzyňda goýar ýaly rezinlije sumka-da bardy. Bir tarapdan, ol dyzlaryň arasynyň açylmagyna ýol bermeýär, sebäbi aýaklar ysmaz bolanda, olar käwagt giň kolýaskada her tarapa dargaýar, umuman, dyzlar jüp duranda, has ýakymly görünýär. Gara we ak - men iki sumkajygy göterýärin, sumkajygyň içine bir zatlary salyp hem bolýar.

Ýelena Fanaýlowa, alyp baryjy: Meni iňňän geň galdyrýan we özüne ýesir edýän zat, bu, modelleriň hemmesiniň owadan bolmak islegi. Olar maýyp bolmak islemeýärler. (...) Gyzlar we ýigitler özlerini şeýle duýýan bolsalar bu örän ajaýyp. Geýim bilen bagly bu proýektiň maksadynyň – adamlary erkinleşdirmek we bu zatlaryň ählisiniň owadan hem bolup biljegini görkezmek.

Wladimir Tililin, Britaniýanyň ýokary mekdebiniň “Geýim dizaýny” boýunça kursunyň ýolbaşçysy: Aslyýetinde bu ýerde adamyň, onuň ýüzbe-ýüz bolýan ähli ýagdaýlarynyň nämedigi barada gürrüň gidýär. Adam – bu ägirt uly bir dünýä, bu mümkinçilikler, bu döredijilik, bu duýgy, bu duýmaklykdyr. Biziň her birimiz keselçilik bilen ýüzbe-ýüz bolmagyň ähli tapgyrlaryndan geçýär - doly düşünmezlikden başlap, düýbünden çydamsyzlyga çenli. Haýsy tapgyrda biz bu ýagdaýdan çykýarys, ýa-da oňa girýäris, bu tebigata ýa-da tötänlige bagly. Şonuň üçin biz bar we olar bar diýmek, kimdir biri kadaly, beýlekisi kadaly däl, kimdir biri sagdyn ýa-da sagat däl diýmek – bu, birinjiden, belli bir derejede aldawçylyk bolýar. Ikinjiden, bu ýagdaý ilkinji nobatda özlerini kadaly diýip, hasap edýänler üçin betbagtlykdyr. (...) Bu ýagdaýda hemmämiz deň. Biziň ählimiz garraýarys we bir zada ukybymyzy ýitirýäris, her kimde saglyga degişli dürli ýagdaýlar döreýär we muňa taýýar bolmaly. Şu gün siz sportsmen, ertir maýyp, ýa-da tersine. Gep biziň özümizi jemgyýetde näderejede mynasyp duýýandygymyzda, umuman, jemgyýetiň özüniň-de näderejede mynasypdygynda, onuň adamlaryň dürlüdigini kabul etmäge, ýagdaýlaryň dürlüdigini we mümkinçilikleriň dürlüdigini, hak-hukuklaryň bolsa birdigini kabul etmäge näderejede ukyplydygyndadyr.