'Howply' jaýlardaky durmuş

Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň merkezi Nyýazow şäherçesinde özbaşyna ýaşaýyş jaýy bolmadyk 20-den gowrak maşgala etrap keselhanasynyň, prokuraturasynyň we beýleki edaralaryň köne jaýlaryna girip, ýaşap başladylar.

Bu jaýlaryň ählisi çig kerpiçden gurlup, olaryň gurlanyna 70-80 ýyl boldy.

Jaýlaryň köpüsinde gapydyr, penjiresi ýok, suwaglary gopup ýatyr.

Ýerli resmileriň adamlary awariýa halatyndaky jaýdan çykarmak ugrunda gören çäreleri netije bermänsoň, olardan "Jaýa birugsat girdim. Heläkçilik ýüze çyksa, özüm günäkär" diýen ýaly mazmundaky dil hat alypdyrlar.

Şeýle-de, ýerli resmiler bu sebite göçüp baran adamlara gum eteginden mellek ýerini almagy teklip edipdirler.

Bu sebite göçüp baran ýaşaýjylaryň biri, jaýsyzlaryň köpüsiniň işsizdigini aýdyp, "Bizde gumdan jaý gurmaga ýagdaý ýok" diýýär.

Garaşsyzlyk etrabynyň merkezi şäherçesinde geçen asyryň 80-nji ýyllaryndan bäri döwlet tarapyndan sosial maksatly döwlet jaýlary tas gurulmady diýen ýaly diýip, Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy aýdýar.