Türkmen görnüşleri - 33-nji hepde

"Türkmen gawununyň güni" mynasybetli Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk seýilgähinde geçirilen çäräniň öňýanynda, işçiler görkezme üçin goýlan gawun maketini reňkleýärler.

Aşgabadyň Parahat-2 kiçi etrapçasyndaky duralgasyz awtobus duralgalarynyň biri.

Maryda köçäniň gyrasynda ot-derman satýan ýaşuly adam.

Mary welaýatynyň köçeleriniň birinde, howanyň ysydygyna garamazdan, gawun satýan köçe söwdagäri.

Aşgabadyň Garaşsyzlyk seýilgähinde guran agaçlaryň käbirleri. Bu sebitiň käbir ýaşaýjylary agaçlaryň guramagyna seýilgähde alnyp barylýan abatlaýyş işleriniň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Aşgabatda daşy ak reňkdäki mermere meňzeş alkoban materialy bilen örtülen jaýlaryň käbirleriniň daşyndaky bu serişdeler gopup başlady.

Aşgabadyň awtobuslarynyň birinde sapar edýän aşgabatlylar.

Mary welaýatynyň bazarlarynyň birinde gawun satyn alýan ýaşaýjylar.

Aşgabatda "Türkmen gawununyň güni" mynasybetli geçirilen çärä gatnaşan türkmenistanlylaryň biri.

Aşgabadyň "Teke bazarynyň" golaýynda dilegçilik edip oturan bir adam.