Hindistan hadysasynda 19 adam öldi

Merkezi Hindistanda, sil basan köprüden geçip barýan iki otly agdarylanda, azyndan 19 adam öldi diýip, resmiler aýtdylar.

Harda şäheriniň golaýynda, 4-nji awgustda, ýerli wagt bilen 11.30-da bolan hadysadan soň gysga wagtda azyndan 250 ýolagçy halas edildi.

Şeýle-de resmiler, heläk bolanlardan başga, 25-den 100-e çenli ýolagçynyň ýaraly bolandygyny aýdýarlar.

Iki otly hem Maçak derýasynyň, agyr ýagan ýagyş we sil zerarly birden ýokary galan suwunyň zarbasyna uçrana meňzeýär.