Şübheli seredilen 'halk gahrymany'

Wladimir Wysotskiý Ýaroslawlda aýdym aýdýar, 28-nji fewral, 1979 ý.

Meşhur sowet aktýory we aýdymçysy Wladimir Wysotskiniň aradan çykanyna şu hepde (25-nji iýulda) 35 ýyl dolýar.

Ol bary-ýogy 42 ýaşapdy, emma ol özüne şübhe bilen garaýan hökümetiň berk gözegçiligi astynda ýaşap we işläp, köpleriň göwnünden turýan eserleri miras galdyrdy, onuň aýdymlary, türkmen dili bilen bir hatarda, onlarça dile terjime edildi.

Žurnalist Karl Şrek Wladimir Wysotskiniň aradan çykmagynyň 35 ýyllygyna gabat ýazan ýatlama makalasynda onuň ýedi krişli gitarasyny çalyp, gyryljak sesi bilen ile ýetiren ýiti, kinaýaly we akylly, şol bir wagtda «ýykgynçylykly» aýdymlarynyň Sowet Soýuzynda nähili meşhur bolandygyny ýatlaýar.

Wladimir Wysotskiý, 1960-njy ýyllar

Wladimir Wysotskiý, meşhur aýdymçylygynyň daşyndan, ildeşleriniň göwnüni awlan, ýüreginden turýan kino ýyldyzyna hem öwrülipdi.

Žurnalist Şrek Wysotskiniň halk aňynda döwlete garşy çykýan gahryman ýaly bir ornunyň bolandygyna ünsi çekýär. Onuň 1960-njy ýyllaryň başynda düzülip we ile ýetirilip başlanan aýdymlary ikiýüzlülik, sowet adamlarynyň gündelik durmuşyna awy gatýan bolgusyzlyklar, resmi metbugatda kän bir gürrüňi edilmeýän tussaglar, GULAG we uruş döwrüniň pidalary barada söz açýardy, ol sözi Wysotskiden başga şonuň ýaly aýdyp bilýän ýokdy.

Netijede, bu aýdymlar Wysotskini Sowet Soýuzynda 'halk gahrymany' derejesine göteripdi.

Emma ol häkimiýetler tarapyndan halanyp biljek däldi. Has dogrusy, resmi taýdan oňa «anti-sowet şyltakçy» hökmünde garalýardy, onuň aýdymlaryna bolsa «ahlaksyz, hapa aýdymlar» hökmünde seredilýärdi.

Emma 2010-njy ýylda Orsýetde geçirilen pikir soraşlykda ol sowet kosmonawty Ýuriý Gagarinden soň, halk içinde söýülýän ikinji adam bolup çykypdy.

Wladimir Wysotskiniň aýdymlary Sowet Soýuzynyň bir respublikasy bolan Türkmenistanda hem diňlenýärdi, emma olar barada metbugatda ýa döredijilik maslahatlarynda kän agzalmazdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda bolsa, Türkmenistanda rus sungatynyň, edebiýatynyň wekilleri bilen bolan öňki gatnaşyklaryň derejesiniň peselendigi aýdylýar.

Azatlyk radiosy meşhur rus sowet aýdymçysynyň bir aýdymynyň rusçadan terjimesini okyjylaryna ýetirmegi makul bildi.

Garaňkyda (Öňümiz garaňky – garaş!..)

Öňümiz garaňky – garaş!
Gyrmyzy şapaklar bolupdyr diwar,
Garşydan ýel ösýär, çapgyn ýagyşly,
A ýollar göni däl, çarkandak hem dar.

Ol ýerde del sözler bar,
myş-myşlar bar ýakymsyz,
Hem duşulýar duşmajagňa hiç haçan,
Otlar ýanyp, sary samana dönen,
yz yzlap bilmeýär tümlüge gaçan.

Barlagy bar berkiň: soňsuz söweşler,
hem duman, hem ýel öwüsýär aldajy.
Ýürek öz adaty heňin ýitirýär,
a soň näsaz urýar, ýylgyrdyp ajy.

Ol ýerde del sözler bar,
myş-myşlar bar ýakymsyz,
Hem duşulýar duşmajagňa hiç haçan,
Otlar ýanyp, sary samana dönen,
yz yzlap bilmeýär tümlüge gaçan.

Ol ýerde hem sesler, hem reňkler del,
Emma men olary almadym seçip.
Men ol garaňkyda örän gerekli...
Ýeri hiç! Açylşar, hemmesi geçip!

Ol ýerde del sözler bar,
myş-myşlar bar ýakymsyz,
Hem duşulýar duşmajagňa hiç haçan,
Otlar ýanyp, sary samana dönen,
yz yzlap bilmeýär tümlüge gaçan.
(1969 ý.)