Täjik mediasyna täze çäklendirme girizildi

Täjigistanyň häkimiýetleri täzelikler neşirleriniň döwlet tarapyndan dolandyrylýan habarlar agentligine salgylanman resmi maglumatlary berip bilmeýändigini aýdýarlar.

Täjigistanyň prezidentiniň metbugat-wekiliniň 20-nji iýulda aýtmagyna görä, ýurduň ähli habar beriş serişdeleri öz maglumatlaryny we metbugat üçin beýannamaryny “Howar” informasion agentligine ýollamaga borçly, Täjigistanda işleýän beýleki media serişdeleri bolsa resmi maglumaty “Howara” salgylanyp berip bilerler.

Täjigistanyň Garaşsyz media boýunça milli bileleşiginiň ýolbaşçysy Nuriddin Karşiboew häkimiýetleriň bu hereketini tankyt etdi.