Satellitler: Adam hukuklaryny goraýjylar ÝB-e ýüzlendiler

Aşgabatda aýrylan çanak antennasy

Adam hukuklaryny goraýjy abraýly toparlaryň ençemesi Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) daşary syýasat we howpsulzyk boýunça ýokary derejeli wekili, Ýewropa komissiýasynyň wise-prezidenti Federika Mogherinä ýüzlenip, Türkmenistanda häkimiýetleriň ‘mejbury ýagdaýda’ ýaşaýjylaryň satellit antennalaryny aýyrmak boýunça alyp barýan kampaniýasyna täsir etmäge çagyrdylar.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar türkmen häkimiýetleriniň ýaşaýjylaryň şahsy emlägi bolan çanak antennalaryny aýrymak bilen, türkmenistanlylaryň garaşsyz maglumatlary almak mümkinçiliklerini çäklendirmegi maksat edinýändigini nygtaýarlar. Olar öz hatynda Federika Mogheriniden bu kampaniýany tizden-tiz togtatmak üçin türkmen hökümetine ýüzlenmegi soraýarlar.

14-nji iýulda ugradylan bu hatda ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda ýakynda Partnýorlyk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň baglaşylmalydygyna üns çekilip, Ýewrobileleşigiň antennalary aýyrmak boýunça kampaniýanyň adamlaryň azat metbugata bolan hukugynyň ýowuz bozulmasydygyna düşünmelidigi nygtalýar.

Satellitleri aýyrmak kampaniýasy dowam edýär

Adam hukuklaryny goraýjylaryň pikirine görä, türkmenistanlylaryň garaşsyz habar çeşmelerinden mahrum edilýändigi sebäpli, bu ýurduň ilaty üçin juda möhüm mesele.. Mysal üçin, türkmenistanlylaryň aglabasy öz satellit antennalary bilen – türkmen dilinde garaşsyz maglumatlary berýän ýeke-täk habar çeşmesi bolan – Azatlyk Radiosyny diňleýärler.

Satellitleriň aýrylmagy bilen, türkmenistanlylaryň Azatlyk Radiosyny, şeýle-de häkimiýetleriň öňe sürýän habarlaryna alternatiwa bolup biljek, rus, iňlis we beýleki dillerdäki maglumatlardan mahrum boljakdygy bellenilýär.

Türkmen häkimiýetleriniň satellit antennalarynyň deregine hödürleýän kabel telewideniýesiniň düzümindäki kanallar hem hökümetiň berk gözegçiliginde saklanylýar. Kabel telewideniýesinde 100-e golaý kanalyň bardygy aýdylsa-da, olaryň arasynda häkimiýete tankydy garaýyşlary hödür edip biljek ýekeje-de kanalyň ýokdugyna üns çekilýär. Şeýle-de hökümet islendik wagt bu kanallary petikläp bilýär.

Satellitler aýrylýar

Paýtagtda satellit antennalaryny aýyrmak kampaniýasy şu ýylyň mart aýynda başlandy. Häkimiýetler antennalaryň “şäheriň görküni bozýandygyny” öňe sürüp, ýaşaýjylaryň emläklerini birugsat söküp başladylar.

Adam hukuklaryny goraýjylaryň bellemegine görä, resmiler bu işiň anyk haýsy kanunçylyga esaslanýandygyny ne düşündirip bilýärler, ne-de degişli resmi dokumenti görkezip bilýärler. Munuň deregine häkimiýetler “ýokardan gelen görkezme” diýen düşündiriş bilen çäklenýärler.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar ÝB-niň geçen aýyň 17-ne türkmen häkimiýetleri bilen geçiren adam hukuklary boýunça dialogynyň dowamynda satellit antennalaryň aýrylmagy meslesini gozgandygyndan habarlydyklaryny, emma berk jemgyýetçilik hereketi geçirilmezden, türkmen hökümetiniň bu kampaniýadan el çekmejekdigini nygtaýarlar.

Hatda bellenişi ýaly, türkmen hökümetiniň 2007-nji we 2011-nji ýyllarda çanak antennalary aýyrmak boýunça geçirjek bolan kampaniýalary hem halkara reaksiýasy sebäpli bes edilipdi.

Adam hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanyň adatdan daşary derejede ýapyk ýurtdugyny, hökümetiň hem ähli çap we elektronik media berk gözegçilik edýändigini ýene bir gezek ýatladyp geçýärler.

ÝB-niň daşary syýasat we howpsulzyk boýunça ýokary derejeli wekili, Ýewropa komissiýasynyň wise-prezidenti Federika Mogherinä ugradylan hata:

  • Adam Hukuklary boýunça Türkmen inisatiwasy
  • Adam Hukuklary boýunça Halkara Hyzmatdaşlyk
  • Amnesty International
  • Norwegiýanyň Helsinki kommiteti
  • Crude Accountability
  • Demokratiýa we Adam hukuklary boýunça Özgeriş merkezi
  • Human Rights Watch

guramalarynyň wekilleri gol goýdular.