Eýran bilen 'taryhy" ylalaşyga gelindi

ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy Federika Mogherini we Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif (sagda). 14-nji iýul, 2015 ý.

Eýran bilen dünýäniň güýçli alty ýurdunyň arasynda, Tähranyň ýadro programmasynyň togtadylmagyna derek, bu ýurda garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmak boýunça taryhy ylalaşyga gelindi. Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça wekili Federika Mogharini, bu ýagdaýyň tutuş dünýä üçin umyt döredýändigini aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammad Javad Zarif bolsa bu ýagdaýy taryhy bir pursat diýip häsiýetlendirdi

Ýewropa wekili Mogharini bu ädimiň halkara gatnaşyklarda, diplomatiýada, koordinasiýada, hyzmatdaşlykda we onlarça ýyllap dowam eden gapma-garşylygyň soňuna ýetilmeginde täze giňişligi açmagynyň mümkindigini belledi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Eýran bilen 'taryhy" ylalaşyga gelindi

Eýran bilen alty güýçli ýurduň, ýagny ABŞ-nyň, Orsýetiň, Hytaýyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň wekilleriniň arasynda gelnen bu karar ençeme ýyl dowam eden gepleşikleriň netijesinde mümkin boldy. Eýranyň prezidenti Rohani bolsa öz twitter hasabynda ýaýradan beýanatynda bu netijä oňyn baha berdi.

Eýranyň esasy goldawçysy bolan Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bu ylalaşygyň Ýakyn Gündogarda möwjän terrorizm howpuny aradan aýyrmaga kömek edip biljekdigini aýtdy. Ol bu ylalalşygyň aýratynam Eýran bilen Orsýetiň arasynda parahatçylyk maksatlary bilen alnyp barylýan ýadro hyzmatdaşlygynyň has güýçlenmegine-de itergi berjekdigini belledi.

Gelnen ylalaşygyň takyk maddalary hakda maglumatlaryň gelip gowuşmagy dowam edýär, Reuter habar agentliginiň maglumatyna görä, dokumentde BMG-niň Ýadro agentligi tarapyndan şübhe döredýän islendik ýere baryp görmek talap edilende, Eýranyň 24 sagadyň dowamynda muňa mümkinçilik döretmelidigi aýdylýar.

Agzalýan agentligiň maglumatynda Eýranyň ballistiki raketa edinmek mümkinçiligine garşy girizilen sanksiýalaryň 8 ýyla çenli ýatyrylmajagy aýdylýar. Eýrana garşy BMG-niň girizen ýarag embargosy hem bäş ýyla çenli dowam eder.

Eýranyň ýadro programmasy indi ençeme ýyldan bäri Tähran bilen Günbataryň arasynda dartgynlyga sebäp bolan esasy problemalardan biridi. Günbatar Eýrany ýadro ýaraglaryny öndürmäge synanyşýanlykda aýyplasa, Eýran bu aýyplamalary yzygiderli ret edip gelýärdi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Eýranyň bu programmasy boýunça Tährana garşy sanksiýalaryň dört tapgyryny girizipdi. ABŞ bilen Ýewropa Bileleşigi bolsa edil şu meselede Eýrana garşy goşmaça sanksiýalary girizipdiler.

Şol sanksiýalar energiýa baý Eýranyň, nebit eksportyny çäklendiripdi, bu hem öz gezeginde, Eýranyň ykdysadyýetine erbet täsirini ýetiripdi. Onsoň ahyrsoňunda soňky ýyllarda bu problema boýunça Günbatar bilen Eýranyň wekilleriniň arasynda göni gepleşiklere başlanypdy.

Soňky döwürde ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerry bilen Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarifiň arasynda yzygiderli duşuşyklar geçirildi, Awstriýanyň paýtagty Wenada gelnen bu ylalaşyk ençeme gün dowam etdi.