Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Hindistan respublikasynyň premýer-ministri Narendra Modi Aşgabatda geçiren gepleşiklerinden soň gol çekilen ikitaraplaýyn dokumentler barada habar serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etdi diýip, türkmen metbugaty ýazýar.
Türkmen lideri gepleşikler iki ýurduň esasy halkara meseleleri, türkmen-hindi gatnaşyklaryny ösdürmek barada ugurdaş pikirlenýändiklerini görkezdi diýipdir.
«Biz birek-biregi halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda hem BMG-niň çäklerinde goldamak babada ylalaşdyk» diýip, Berdimuhamedow aýdypdyr. Şeýle-de ol iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň Goşulmazlyk hereketiniň çäginde yzygiderli giňeldiljegini aýdypdyr.
Türkmen lideriniň pikiriçe, şu günki gün dünýäniň köp regionynda dartgynly ýagdaý dowam edýär we Goşulmazlyk hereketiniň maksatlary barha kän aktuallyk gazanýar.
Türkmen metbugaty hindi lideri bilen gepleşiklerde Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak meselesine aýratyn üns berlendigini we liderleriň ikisiniň hem bu ýerdäki çözgüdi diňe parahatçylykda we syýasy serişdelerde görýändigini ýazýar.
Taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan geçirijisi proektini amala aşyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek, maýa ýatyrym, ýokary tehnologiýa pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk babatdaky gyzyklanmalaryny hem tassyklapdyr.
Şeýle-de liderler aragatnaşyk, himiýa we saglygy saklaýyş, oba hojalygy pudaklarynda, turizm boýunça bilelikdäki proýektleri amala aşyrmagyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläpdirler.
Metbugat ýygnagynda aýdylmagyna görä, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem transport pudagy bolup, Türkmenistan bilen Hindistan «Gündogar-Günbatar» we «Demirgazyk-Günorta» ugurlary boýunça transport-infrastruktura proektlerini durmuşa geçirmekçi.
Premýer-ministr Narnedra Modi öz çykyşynda 1 milliard 250 million ilatly Hindistanyň ägirt uly mümkinçiligini belläp, «Demirgazyk-Günorta» transport koridory proektine goldaw bildiripdir we «Gazagystan-Türkmenistan-Eýran» demirýolunyň Eýranyň deňiz portlaryna çykmak çykmak mümkinçiligini berýändigini belläpdir.
Ol gepleşikleriň netijeli bolandygyny aýdyp, türkmen-hindi gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem rowaç aljagyna umyt bildirdi diýip, türkmen metbugaty ýazýar.
Hindistanyň premýer-ministri türkmen prezidentini ýakyn wagta Hindistana sapar etmäge hem çagyrdy diýip, habarda aýdylýar.