Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi resmi sapar bilen Aşgabada geldi.
Türkmen metbugaty onuň 11-nji iýulda prezident G.Berdimuhamedow bilen gepleşik geçirjegini ýazýar.
Türkmen-hindi gepleşiklerinde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny, energetika, dokma senagaty, transport, maglumat-aragatnaşyk serişdeleri boýunça we beýleki ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmek barada maslahat edilmegine garaşylýar.