Türkmen görnüşleri - 28-nji hepde
Aşgabadyň Teke bazarynyň golaýyndan geçip barýan mümkinçilikleri çäklendirilen ýaşaýjy. Türkmenistanyň pension fondunyň maglumatyna laýyklykda, häzirki wagtda ýurtda 121,810 sany mümkinçiligi çäkli adamlar bolup, olardan: 2,513-i I topar; 24,834-i II topar we 13,450-i III topar maýyplygy bolanlar.
Aşgabatda kabel liniýalaryny çekýän işçiler.
Aşgabadyň 30-njy mikroraýonynda pristoýkalary aýrylan köpgatly ýaşaýyş jaýy. Soňky aýlarda türkmen resmileri Aşgabat şäheriniň abadanlaşdyrmagyň bir bölegi diýip, köpgatly ýaşaýyş jaýlara goşmaça gurlan otaglary, ýagny il içinde aýdylyşy ýaly "pristroýkalary" ýykýarlar.
Aşgabadyň köçeleriniň birinde bolan ýol heläkçiligi zerarly üýşen polisiýa işgärleri we ýaşaýjylar.
Balkanabadyň dermanhanalarynyň biri.
Balkanabadyň köçeleriniň biri.
Aşgabadyň köçeleriniň birinde gawun satýan köçe söwdagäri.
Aşgabadyň öňki Gagarin häzirki A.Nyýazow köçesiniň ugrunda ýumrulan jaý. Bu jaý bu köçäniň ugrunda käbir beýleki jaýlar ýaly köçäni giňeltmek maksady bilen ýykyldy.
Aşgabadyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň öňünde arassaçylyk işleri geçirilýär.