Bosniýa: Merkel reforma çagyrýar

German kansleri Angela Merkel Bosniýa-Herzogowinany, iş ýerlerini döretmek we Ýewropa Bileleşigine agzalyk prosesini çaltlandyrmak üçin, sosial we ykdysady reformalary geçirmäge çagyrdy.

Merkel 9-njy iýulda Saraýewoda, regiona edýän iki günlük saparynyň aýagynda bosniýa liderleri bilen duşuşdy. Ol mundan öň Albaniýa we Serbiýa barypdy.

Merkel Germaniýanyň sebitdäki ähli ýurtlaryň ýewropa geljegine tarapdardygyny aýtdy:

«Biz Bosniýa-Herzogowinadaky problemalary çözmegiň örän çylşyrymlydygyny bilýäris, emma Bosniýa-Herzogowine gülläp ösmese, tutuş region abadan bolup bilmez» diýip, Merkel aýtdy.

Bosniýa Ýewropadaky iň garyp ýurtlaryň biri bolup, bu ýerde işsizlik 40 prosentden hem ýokary hasaplanýar.