Owganystanyň Milli howpsuzlyk müdirligi pakistan "Talybanynyň" öňki sözçüsi, «Yslam döwleti» toparyna wepadarlygyny jar eden Mawlawi Şahidullah Şahidiň gündogar Owganystanda öldürilendigini aýdýar.
Şahid 7-nji iýulda, Nangrahar welaýatynyň Açin etrabyna urlan howa zarbasynda ölüpdir.
Ol 2014-nji ýylyň oktýabrynda pakistan «Talybanynyň» sözçüliginden aýrylanyndan soň, bu sebitde «Yslam döwleti» jeňçi toparyna açyk wepadarlyk kasamyny içen ilkinji jeňçi bolupdy.
Soň ol özüni «Horasan regiony» diýip atlandyrýan toparyň lideri boldy.