Aşgabat: "Gazprom" bergi bermekden ejiz

Aşgabat. Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrligi.

Türkmenistan Orsýetiň "Gazprom" kompaniýasyny tölege ukypsyz partnýor diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrliginiň resmi internet saýtynda çarşenbe güni çap edilen beýanatda aýdylmagyna görä, dünýädäki ykdysady krizis bilen baglylykda, Orsýetiň «Gazprom» kompaniýasy tölege ukypsyz hyzmatdaşa öwrülipdir.

Türkmen tarapynyň sözlerine görä, rus kompaniýasy tebigy gaz satyn almak boýunça baglaşan şertnamasynyň şertlerini ýerine ýetirmeýär, ýagny 2015-nji ýylyň başyndan bäri «Türkmengaz» döwlet konsernine gaz bergilerini töläp bilmeýär.

Şeýle-de resmi beýanatda bu ýagdaýyň günbatar döwletleriniň Orsete garşy girizen ykdysady sanksiýalary netijesinde dörändigi aýdylýar. Emma resmi beýanatda Moskwanyň Aşgabada tölemeli gaz bergileriniň möçberi barada hiç zat aýdylmaýar.

Çarşenbe güni Türkmenistanyň resmi saýtynda çap edilen beýanat bada-bat rus, ukrain habar serişdelerinde peýda boldy. Olarda «Gazpromyň» bu habara hiç bir düşündiriş bermeýändigi aýdylýar.

«Interfaks» habar gullugy iki ýurduň arasyndaky gaz söwdasynyň ýakyn taryhyna göz aýlap, «Gazprom» 2009-njy ýylda Türkmenistandan alýan gazynyň möçberini ýylda 10 milliard kub metre çenli azaltdy, 2015-nji ýylda bolsa, türkmen gazyny satyn almagyny, ikitaraplaýyn gepleşikler esasynda, 4 milliard kub metre çanli azaltjagyny aýtdy diýip ýazýar.

«Interfaksyň» «Gazpromyň» prawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Alesandr Medwedewe salgylanyp ýazmagyna görä, "Gazpromyň" daşary ýurtdan gaz satyn almagyna hiç bir tehnologiki zerurlyk ýok. «Emma muňa garamazdan, goňşular bilen aragatnaşygy nazara alyp, biz Merkezi Aziýadan gaz satyn almagy dowam etdirýäris» diýip, Medwedew aprel aýynda aýdypdyr.

Aşgabat bilen Moskwanyň "söz urşy"

Orsýetiň «Lenta.ru» neşiri bolsa öz gezeginde «Türkmengaz» döwlet konserniniň direktorynyň orunbasary Annadurdy Meretgeldiýewiň fewral aýynda çap edilen makalasynda getrilen maglumatlara ünsi çekýär.

Ýagny Meretgeldiýew Moskwanyň Hazarýaka gaz geçirijisi we Gündogar-Günbatar gaz geçirijisi proýektleri boýunça boýun alan maýalaryny ýatyrmandygyny, ýagny öz borçnamalaryny ýerine ýetirmändigini aýdypdyr.

«TheMoscowTimes» neşiri Türkmenistanyň nebit-gaz ministrliginiň tankydy «Gazprom» bilen arada geçen ýylyň aýagynda, rus kompaniýasy türkmen gazyny almagy 4 milliard kub metre çenli azaltjagyny aýdandan soň başlanan «söz urşuny» gyzyşdyrjaga meňzeýär diýip ýazýar.

Şeýle-de bu neşir «Gazpromyň» başga ýerlerden alýan gazynyň türkmen gazyny satyn almagy girdejisiz edendigini aýdýar.

«TheMoscowTimes» neşiriniň maglumatyna görä, «Gazprom» 2008-nji ýylda Türkmenistandan 40 milliard kub metrden gowrak ýangyç alypdyr, 2009-2014-nji ýyllarda bolsa, Orsýet Türkmenistandan ýylda 10-11 milliard kub metr gaz import edipdir.

«Goňşy Eýrana edýän uly bolmadyk eksportlary bilen, Orsýete iberýän gazynyň kesgin azalmagy Türkmenistany iş ýüzünde Hytaýa iberýän tebigy gazyna garaşly edip goýýar» diýip «TheMoscowTimes» netije çykarýar.

Hytaý dünýäniň iň uly energiýa sarp edijisi we Türkmenistandan ýylda 30 milliard kub metr çemesi gaz alýar we 2020-nji ýylda onuň möçberini iki esse köpeltmegi planlaşdyrýar diýip, rus neşiri ýazýar.