Yrak türkmenleri: Türkmençe hutbanyň ähmiýeti näme?

Yrakly türkmen çagalary.

Bilinşi ýaly Yrakda ýaşaýan türkmenler syýasy we jemgyýetçilik taýdan ýurduň içinde hem daşynda iň aktiw diasporalaryň biri hasaplanýar. Yragyň öňki prezidenti Saddam Hüseýniň döwründe dürli basyşlara sezewar bolan yrakly türkmenler, onuň häkimiýet başyndan gitmegi bilen ýurtda öz hak-hukuklary babatda syýasy hem jemgyýetçilik taýdan dürli tagallalar alyp barýarlar.

Yragyň demirgazygyndaky Kürt dolanşygynyň merkezi şäheri bolan Erbilde ýaşaýan türkmenleriň durmuşynda, ýene uly bir waka bolup geçdi, ýagny Yrakda ençeme ýyl soň Erbil şäherindäki bir türkmen metjidinde türkmençe hutba okaldy.

Bu, Yrak türkmenleriniň durmuşynda bolup geçen wakalardan diňe biri, soňky ýyllaryň dowamynda türkmençilik adyna Yrakly türkmenleriň arasynda başga nähili özgerişiklikler bolup geçipdir? henizem bärden gaýdýan zatlar näme? we bu tejribeler beýleki ýurtlarda azlyk bolup ýaşaýan türkmenler üçin nähili görelde bolup biler?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda Yrak türkmenleriniň jemgyýetçilik durmuşynda soňky ýyllaryň dowamynda bolup geçýän möhüm üýtgeşmelere nazar aýlaýar.

Hemmeleri bu temadaky gepleşige öz goşandyny goşmaga çagyrýarys. Gepleşige gatnaşmak ýa-da bu temadaky teklipdir-belliklerini redaksiýamyza ýetirmek isleýänler Azatlyk Radiosy bilen hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com elektronik hat salgylarynyň üsti bilen aragatnaşyga geçip biler. Bu temadaky teswirleriňizi hem aşakdaky foruma ýazyp bilersiňiz.