Türkmen görnüşleri - 27-nji hepde
Torbasynda suw alyp barýan oglanjyk. Şu günlerde Türkmenistanda howanyň temperaturasynyň selsiý boýunça 40 gradusdan ýokary geçýändigi habar berilýär. Bu yssy howada ýaşaýjylar öz suwsuzylygyny gandyrmak üçin ýygy-ýygydan suw içýärler.
Mary welaýatyndaky stadionlaryň birinde gezelenç edip ýören adamlar we gyzlar.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň köçelerine aýlanyp, garpyz satýan söwdagärler. Türkmenistanda howanyň yssy ýa-da sowukdygyna garamazdan, käbir köçe söwdagärleriniň gazanç etmek üçin ir säherden agşama çenli köçelere aýlanyp, söwda-satyk etmäge synanyşýandygy aýdylýar.
Aşgabadyň Gökdere jülgesindäki çagalar üçin niýetlenen sagaldyş merkezlerine dynç almaga barýan çagalar Türkmen telewideniýesine ýazga düşürilýär. Bu sagaldyş merkezlerinde käbir çagalaryň dynç almaga mümkinçiligi bolsa, käbir ene-atalar bu merkeze öz çagalaryny ugradyp bilmeýändigini aýdýarlar. Olar munuň sebäbini ýollama satyn almagyň özleri üçin elýeterli däldigi bilen düşündirýärler.
Gökderedäki dynç alyş öýlerine gidýän çagalar Aşgabadyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň howlusynda ýygnandylar.
Aşgabadyň Andalyp we Görogly köçeleriniň çatrygynda ýykylan swetofor sütüni.
Aşgabadyň Oguzhan köçesiniň ugrunda reklama banneri asylýar.
Aşgabatda sazçylyk mekdebiniň okuwçysy okuwdan soň öýüne barýar.
Balkanabat şäherindäki bazarlaryň biri. Bu bazaryň öňünde Mary welaýatyndan Balkanabat şäherine baran ýaşaýjynyň awtoulagyny hem görse bolýar.
Mary welaýatynyň Mary şäherindäki hristian kilisesi.
Balkanabat şäherinde elektrik ulgamynyň birikýän ýerindäki näsazlyklary bejerýän işçi.
Aşgabadyň köçeleriniň birinde dilegçilik edip oturan adam.