Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda asyryň iň yssy günleri hasaba alyndy, ýagny howanyň gyzgynynyň 47 derejeden ýokary geçendigi aýdylýar.
Şonuň bilen bir wagtda, bu yssy dindarlaryň agyz bekleýän aýyna gabat geldi.
Üstesine, Aşgabat şäheriniň häkimiýetleriniň gurluşyklar zerarly käbir saýaly baglary çapyp aýrandygy, käbir ýaşaýyş jaýlaryndaky sowadyjylary aýyrdyp, başga ýerlerde oturtmagy talap edýändigi, umuman bu meselelerde kynçylyklaryň bardygy habar berilýär.
Şeýle ýagdaýda yssy howanyň adamlaryň jan saglygy üçin nähili saglyk töwekgellikleri bolup biler we olary nädip azaltmaly?
Azatlygyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhan bu soraglar bilen Antaliýaynyň hassahanalaranyň birinde işleýän doktor Melih bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar