Owgan resmisi: Ýurtda “YD-nyň” söweşijileri hereket edýär

Owgan howpsuzlyk güýçleriniň agzasy.

Owgan hökümetiniň ýerine ýetiriji başlygynyň orunbasary demirgazyk Owganystanda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň ýerleşendigini boýun aldy.

“Yslam döwleti atly toparyň we Talyban herketiniň söweşijileri demirgazyk Owganystandaky ilata, döwlet işgärlerine wehim salýar” diýip, inžener Muhammet Han belleýär.

Şol bir wagtyň özünde Täjigistanyň hökümeti hem, demirgazyk Owganystanda howpsuzlyk şertleriniň üýtgemegi bilen baglanyşykly aladalanma bildirdi.

Demirgazyk Owganystandaky howpsuzlyk şertleri barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

"Ýurtda 'YD-nyň' söweşijileri hereket edýär"