Türkmen görnüşleri - 26-nji hepde
Aşgabadyň köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň öňünde duran çanak antennalary. Şu ýylyň başyndan başlap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň ýokarsyndaky çanak antennalaryň aýrylmagy bilen, şu günler jaýlaryň arasynda şeýle antennalaryň galyndylaryna duş gelse bolýar.
Şu günler Türkmenistanda howanyň temperaturasynyň 40 gradusdan geçýändigi habar berilýär. Käbir paýtagtlylaryň ýa-da günüň aşagynda işleýän işgärleriň günden goranmak üçin kellelerine ýaglyklary dürli görnüşde daňmaga mejbur bolýandygy aýdylýar.
Şu günler Aşgabadyň aýnaly, belent binalarynyň daşynda arassalaýyş işleri geçirilýär.
Aşgabadyň Magtymguly prospektinde türkmen häkimiýetleriniň şu ýyly - “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýip atlandyryşynyň simwoly bolan banner köçäniň gyrasynda dur. Hakykatda bu banneriň köçäniň gyrasyndaky yşyklandyrjy sütünde asylmalydygy aýdylýar.
Mary welaýatynyň Mary şäherinde ulanyşdan galan banner. Bu banneriň ulanyşdan galandygyna garamazdan, onuň galyndysynyň aýrylmandygy habar berilýär.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde dowam edýän Medeniýet hepdeliginden soň, enjamlary, oturgyçlary ýygnaýan adamlar.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki döwlet edaralarynyň biriniň öňündäki baýdagy täzeläp duran işgär. Medeniýet hepdeligine gabatlap, Türkmenabat şäherindäki baýdaklaryň deregine täzesiniň dakylandygy habar berilýär.
Aşgabadyň Garaşsyzlyk köçesiniň ugry.
Paýtagt Aşgabadyň köçeleriniň birinde erik satyp duran ýaşaýjy.
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde çagaly ene.
Balkanabat şäherinde bezelen awtoulag. Türkmenistanda gelinalyjyda ýa-da täze doglan çaganyň keselhanadan alyp gaýtmaga barýan ýaşaýjylar awtoulaglary bezeýärler.
Balkanabat şäheriniň köçeleriniň birinde welosipedli, ýagny tigirli gezelenç edýän çagalar.