Haraba öwrülen wokzal
1990-njy ýyllarda Nebitdag şäherinde täze wokzalyň gurulmagy bilen ýapylan bu wokzalyň binasynyň häzirki wagtda harabalyga öwrülendigini görse bolýar.
Wokzal ýapylandan soň, bu binada dürli harytlary satýan dükanlaryň açylandygy habar berilýär. Şol dükanlaryň arasynda azyk we gurluşyk harytlaryny satýan dükanlar hem bardy. Ýöne bu binada ýangynyň döremegi netijesinde şol dükanlar hem ýapyldy.
Sowet döwründe bu wokzaldan Aşgabada we Türkmenbaşy şäherlerine otly gatnawlary amala aşyrylýardy.
Wokzalda dörän ýangyndan soň, jaýyň içinde dürli zir-zibilleriň depeleriniň emele gelendigini görse bolýar. Käbir ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, adamlaryň käbirleri bu ýere öz zir-zibillerini hem zyňýarlar.
Wokzalyň binasynyň arka tarapy.
Şäheriň käbir ýerli ýaşaýjylary bu sebitde demirýoluň gurulanyna 100 ýyl çemesi wagtyň bolandygyny aýdyp, resmilerden bu binanyň ýurduň Demirýol muzeýine öwrülmegini sorapdyrlar. Emma olar bu ýüzlenmesine henize çenli jogap alyp bilmändirler.