Balkan: 'Pristroýkadan' soň...

Balkanabat şäherinde ýykylyp, diňe diwarlary galdyrylan garažlaryň biri.

Şäherde ýykylan goşmaça otaglaryň biri. ​2012-nji ýylda Balkanabadyň häkimiýetleri goşmaça otaglary, howlusynda garažy bolan, şeýle-de ýaşaýyş jaýlaryna ýanaşyk edip bar guran raýatlara ýörite görkezme berip, olary sökmegi, ýykmagy buýurdylar.

Şäheriň 206-njy “A” kwartalyndaky ýykan-ýumranlyklaryň galyndylarynyň fonunda etrabyň beýleki jaýlaryndan kaşaňlygy bilen tapawutlanýan uly goşmaça gurluşyga gözüň düşýär.Käbir ýaşaýjylar, eger-de ýerli häkimiýetlere – onuň öz sözi bilen aýdylanda – “bermelisi berilse”, onda öz emlägiňi weýran edilmekden “halas” edip bolýar.

Häkimiýetleriň talabyna ​boýun bolmadyk balkanabatlylaryň emläkleri mejbury ýagdaýda agyr tehnikanyň kömegi bilen weýran edildi.

Ýykylman galan goşmaça gurluşyklaryň ýene biri.

Jaýlara gurlan goşmaça gurluşyklardan galan galyndylar.

Şol bir binada ýykylan we ýykylman galan goşmaça otaglar.

Jaýlara gurlan goşmaça otaglardan galan zir-zibiller.