Konstitusiýa baradaky teklipleriňiz

Türkmenistanyň Konstitusiýasy.

Türkmenistanda “Konstitusiýany kämilleşdirmek we halkara standartlaryna laýyk getirmek maksady bilen” şu ýylyň maý aýynda ýörite Konstitusion komissiýasy öz işine döredildi.

Resmi maglumatlara görä, konstitusion reformalar boýunça “giňden habar bermek üçin” habar serişdelerinden hem-de Internetden peýdalanmaga alymlary, döwlet işgärlerini, ýaşlary, syýasy partiýalary we jemgyýetçilik bileleşikleriniň wekillerini gatnaşdyrmaga tabşyryk berildi.

Eýse, siz Türkmenistanyň Baş kanunyna haýsy üýtgeşmeleriň girizilmegini teklip edýärsiňiz?

Belläp geçsek, mundan öň Komissiýanyň maslahatynda "prezidentlik möhletini 5-den 7-i ýyla çenli uzaltmak" barada ilatdan "köp sanly" teklipleriň gelip gowuşandygy hem mälim edilipdi.