FH: Russiýa demokratiýanyň esasy päsgelçiligi

“Freedom House” guramasynyň emblemasy.

Russiýa geçen ýyl soňky on ýylyň içinde demokratiki görkezijileriniň iň köp derejesini ýitirdi; Ýewropadaky we Ýewraziýadaky awtoritar döwletler hem demokratiýanyň ornaşmagynyň öňüni almak üçin aýgytly çäreleri gördüler diýip, “Freedom House” guramasynyň täze hasabatynda nygtalýar.

Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa regionlarynyň 29 ýurdundaky demokratiýa ýolundaky öňegidişlikler we yza gaýdyşlar barada maglumat ýaýradýan “Freedom House” guramasynyň ýyllyk hasabatynda bellenişi ýaly rus prezidenti Wladimir Putiniň Krymy basyp almagy we gündogar Ukrainadaky orsýetparaz separatistleri goldap, Kiýewe garşy urşa meçew bermegi netijesinde Russiýanyň özünde we goňşy režimlerde azatlygyň we demokratiýanyň gazanan üstünlikleriniň öňi alnypdyr.

Sylwana Habdank-Kolaçzkowska

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän guramanyň geçiş döwründäki ýurtlar boýunça hasabatynyň awtory Sylwana Habdank-Kolaçzkowskanyň sözlerine görä, “Russiýadaky ýagdaýlar her ýyl çap edilýän hasabatlarda bellenilip geçilse-de, geçen ýyl onuň agressiýasynyň has giň gerime we täze görnüşe eýe bolmagy netijesinde, Russiýanyň ýaramaz täsiri has-da artypdyr”.

Russiýanyň demokratiýa uran zarbasy hem ýurduň içine, hem daş-töweregine öz ýaramaz täsirini ýetirdi.

Habdank-Kolaçzkowska: “Kreml Ukrainanyň täze demokratik hökümetini durnuksyzlaşdyrmak tagallalary bilen birlikde Russiýanyň özünde hem internet habar serişdelerine, oppozisiýa wekillerine we graždan jemgyýetine ekstremizm aýyplamalaryny ýöňkäp, gadagançylyklary girizdi, olara garşy jenaýat işlerini gozgady” diýýär.

Habdank-Kolaçzkowskanyň belleýşi ýaly, Putin Ukrainadaky hereketlerini “aklamak” maksady bilen, “rus propagandasynyň täze görnüşini ösdürip, ýalan maglumatlary ýaýratmak bilen meşgullanýar”.

Putiniň Ukrainadaky ýagdaýlary bulaşdyrmaga dyrjaşmasyna garamazdan, Kiýew demokratik görkezijiler boýunça sanawda dört bal derejesinde ýokary galmagy başarypdyr. Hasabatda nygtalyşy ýaly, muňa prezident Wiktor Ýanukowiçiň parahor režiminiň synmagy we bäsleşik esasynda geçirilen saýlawlar sebäp bolupdyr.

“Freedom House” guramasy mundan 20 ýyl ozal demokratik ugurdan birnäçe ýurtlara baha berip başlady. Şol wagtlar diňe üç ýurtdaky, ýagny Belarusdaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky ýagdaýlara syn edilen bolsa, häzir syn edilýän ýurtlaryň sany iki esseden hem artdy.

Gepiň gerdişine görä bellesek, “Freedom House” guramasynyň 23-nji iýunda çap bolan şu ýylky hasabatynda Türkmenistan tas ähli görkezijiler boýunça iň pes derejäni aldy.