Erkekleriň aýallardan az ýaşamagynyň sebäbi bar

Shutterstock

Aýallaryň erkeklerden köp ýaşaýandygy baradaky ýörgünli pikir statistika bilen hem tassyklanýar.

Adam ömrüniň uzaklygy onuň diňe jynsyna bagly bolman, saglyk ýagdaýy we ýaşaýyş şertleri ýaly düýpli sebäplere bagly bolsa-da, statistiki maglumatlardan aýallaryň erkeklerden ortaça 5-8 ýyl artyk ýaşaýandygyny görmek mümkin.

BMG-niň 2014-nji ýyl boýunça maglumatynda, hususan-da Türkmenistanda erkek adamlaryň ömrüniň ortaça uzynlygynyň 65.2 ýaş bolsa, aýallaryň ortaça ýaşynyň 71.5-e deňdigi aýdylýar.

Käbir maglumatlarda aýallaryň ýürek-damar, rak we beýleki agyr kesellerden ölmek, şeýle-de heläkçilikli hadysalarda wepat bolmak töwekgelçiliginiň erkekleriňkiden iki esse pesdigi görkezilýär.

Ýaradylyşy şeýle...

Munuň esasy sebäbi aýallaryň erkeklerden biologiki, genetiki taýdan gurluşynyň tapawutlydygy bilen baglanyşdyrylýar.

Soňky döwürde aýallaryň erkeklerden köp ýaşamagynyň immun sistemasyndaky, ýagny kesellere garşylyk güýjündäki aratapawuda baglydygy hem anyklandy. Tokionyň Medisina we stomatologiýa uniwersitetinden professor Katsuiku Hirokawa aýallaryň immun sistemasynyň erkekleriňkiden has haýal garraýandygyny we şu sebäpden keselçiliklere garşy durmaga has ukyplydygyny anyklady.

Alymlar aýallaryň ýaşamaga we öz-özüni goramaga tebigy taýdan has ukyply bolmagynyň sebäplerini olaryň nesli dowam etdirmek funksiýasy bilen baglanyşdyrýarlar.

Enäniň göwresinde bolan wagtynda-da gyzlaryň oglanlara garanda ýaşamaga has ukyply bolýandygy, saglyk barada maglumat berýän neşirlerde aýdylýar. Ýagny enäniň iýmitlenişi bilen bagly, ýogsa-da enäniň bedeninde içki infeksiýalara degişli keseller we beýleki problemalar dörände oglanlara has uly howp salýandygy, şonda oglan çagalaryň gyzlara garanda 1.5 esse köp düşýändigi aýdylýar.

Tebigy gylyk

Aýallaryň öz durmuşynda has seresaply bolup, erkeklere garanda töwekgelçilikli hereketleri has seýrek etmeginiň sebäplerini hem adamyň tebigy gurluşy bilen düşündirip bolsa gerek.

Işde, hatda öz jan saglygyna degişli meselelerde-de töwekgelçiliklere baş goşmaklyk erkeklere has mahsus häsiýet hasaplanylýar. Erkek adamlaryň öz ukyplaryna aşa baha bermek häsiýetiniň hem erkekleriň ömrüniň uzynlygyna täsir ýetirýändigi aýdylýar.

Aýallaryň bolsa erkeklerden has seresaply bolmagy, öz saglygyna has köp seretmegi, öz emosiýalaryny daşyna çykarmagy, zyýanly endiklerden has gaça durmagy ýaly häsiýetleri-de olaryň has uzak ýaşamaga ukybyny artdyrýar.

Şu günki gün aýallara we erkeklere fiziki, ruhy, sosial-ykdysady taýdan düşýän agram erkekleriňki bilen deňleşýän hem bolsa, aýallaryň erkeklerden has uzak ýaşamagynyň tendensiýasy dowam edýär.

BMG-niň Bütindünýä saglyk guramasynyň maglumatyna görä, dünýä boýunça 2012-nji ýylda doglan gyz çaganyň ömrüniň uzaklygynyň ortaça 73, oglanyňky bolsa 68 ýaş bolar diýlip garaşylýar.