Türkmen görnüşleri - 25-nji hepde
Ahal welaýatynyň Manyş obasyndaky harby bölümiň golaýyndaky bagda garbanýan ene-atalar. Türkmenistanda çagyryş boýunça harby gulluga alnan esgerleriň kasam ediş çäresine olaryň ene-atalary hem barýar. Şol çäreden soň, ene-atalar öz esger ogullary bilen iýip-içip oturyp bilýändigi habar berilýär.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki seýilgähleriň birinde “pagta süýji” satýan söwdagär.
Balkanabat şäherinde taýak bilen oýnaýan oglanjyk.
Aşgabatdaky Goçgarata gonamçylygynyň bir bölegi. Aşgabadyň köçeleriniň birinde amala aşyrylýan gurluşygyň Goçgarata gonamçylygynyň üstünden geçýändigi habar berilýär. Maglumata görä, bu sebitde gurulýan köpriniň köçä birikýän ýeriniň öwlüýäniň kiçi böleginiň üstünden geçmegi netijesinde bu ýerdäki jesetleriň üstünden gum dökülipdir.
Aşgabadyň Ýimpaş söwda merkezindäki Internet kafede internet hyzmatyndan peýdalanýan zenan.
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky galla meýdanlarynyň biri. Şu aýyň başynda Türkmenistanda galla oragy başlady.
Aşgabadyň mikroraýonlarynyň birindäki köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň töweregindäki kölegeli baglaryň saýasynda dynç alýan zenanlar.
Aşgabatdaky “Ertekiler dünýäsiniň” golaýynda goýlan gurluşyk enjamy.
Aşgabatda çäreden gelýän talyp gyz.
Balkanabat şäherindäki köpgatly jaýlaryň töwereginde top oýanaýan oglanlar.
Balkanabat şäherindäki baglaryň birinde oturgyçda oturyp, kölegede dynç alýan ýaşaýjylar.
Lebap welaýtaynyň Türkmenabat şäherinde matanyň bölekleri ýa-da ýaglyklar daňylan agaç. Türkmenistanda käbir adamlar öz arzuw-hyýallarynyň hasyl bolmagyny diläp, yrym edip käbir adaçlara matanyň bölegini ýa-da ýaglyklary daňýarlar.