'Owgan serhedinde 1.5 müň jeňçi jemlendi'

Täjigistanyň serhet goşunlarynyň ýolbaşçysy Rajabaly Rahmonali, Duşenbe, 18-nji iýun, 2015

Täjigistanyň paýtagtynda GDA ýurtlarynyň serhet güýçleriniň ýolbaşçy geňeşiniň 73-nji maslahaty geçirildi.

Maslahata Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Orsýetiň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň serhet gulluklarynyň resmileri gatnaşdylar.

Täjigistanyň serhet goşunlarynyň ýolbaşçysy Rajabaly Rahmonali oparatiw maglumatlara salgylanyp, Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynyň Daşti Arçi we Ymam Sahib etraplarynda 1.5 müň jeňçiniň jemlenendigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, olaryň arasynda “Talyban”, “Al-Kaýda”, “Yslam Döwleti”, “Özbegistanyň Yslam Hereketi” we “Ansarulloh” terrorçy toparlarynyň jeňçileri bar we olar Täjigistanyň serhedine golaý ýerlerde Owganystanyň hökümet güýçlerine garşy aktiw harby hereketleri alyp barýarlar.

Rahmonali öz çykyşynda Owganystanyň Täjigistan bilen serhetdeş Tahar, Gunduz we Badahşan welaýatlarynda aprel aýyndan bäri dartgynly ýagdaýyň dowam edýänligi bilen bagly öz ýurdunyň aladalanmasyny bildirdi. Ol Täjigistanyň we Owganystanyň serhet güýçleriniň serhetdeş regiondaky ýagdaý barada yzygiderli maglumat alyşýandyklaryny habar berdi. “Biz owgan kärdeşlerimiz bilen ähli aktual meseleler barada ýakyn hyzmatdaşlykda. Bir-birimize düşünişmeklik bar” diýdi.

Howp güýçlenýär

Täjik resmileri halkara terrorçylyk howpunyň gün-günden güýçlenýändigini bellediler. Täjigistanyň prezidentiniň milli howpsuzlyk bilen bagly meseleler boýunça kömekçisi Şerali Haýrulloýew “Biziň maksatlarymyzyň biri regionyň dünýäniň uly ýurtlarynyň geosyýasy gapma-garşylygynyň merkezine öwrülmegine ýol bermezlikdir” diýdi.

Haýrulloýew halkara terrorizminiň täsir ýetirmek usullarynyň üýtgeýändigini we güýçlenýändigini belläp, häzirki wagtda uglewodorod bazaryny öz täsiri astyna almak ugrundaky göreşiň, neşe söwdasynyň ýaýbaňlanmagynyň, milletara we dinleriň arasyndaky konfliktleriň güýçlenýändigini aýtdy.

Owganystanyň demirgazyk we demirgazyk-günbatar böleklerindäki durnuksyzlykdan aladalanma bidlirip, Haýrulloýew terrorçy toparlaryň maksady “dartgynlylygyň merkezlerini döretmekden we GDA-nyň 2340 kilometrlik günorta serhetlerine ýakyn ýerde häkimiýeti ýarag bilen basyp almakdan ybarat” diýdi.

Gowşak ýeri

Täjigistanyň prezidentiniň milli howpsuzlyk bilen bagly meseleler boýunça kömekçisi Şerali Haýrulloýew Merkezi Aziýa ýurtlaryna esasy howpy bu ýurtlaryň Ýakyn Gündogarda we Owganystanda radikal yslamçy toparlaryň düzüminde söweşýän raýatlarynyň salýandygyny aýtdy. Olar öz ýurtlaryna dolanyp baranda regiondaky içerki syýasy ýagdaýy durnuksyzlandyrmakda rol oýnap bilerler diýip, täjik resmisi aýtdy.

Haýrulloýew şeýle-de “biziň ýurtlarymyzda uruş oduny tutaşdyrmak isleýän güýçler prowokasiýa üçin iň gowşak ýerleri, ýagny dawaly serhetleri, serhetleriň kesgitlenmegine degişli çözülmedik meseleleri ulanyp bilerler” diýdi we serhet bilen bagly problemalary çözmäge we Owganystan bilen serhetleriň gözegçiligini güýçlendirmek üçin regional hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy.

GDA ýurtlarynyň serhet güýçleriniň ýolbaşçy geňeşiniň Duşenbede geçirilen maslahatynyň netijesinde 20 sany karar kabul edildi. Şol sanda serhet güýçleriniň arasynda serhediň bozulmagy barada maglumat alyşmak, bikanun migrasiýa, neşe hem ýarag gaçakçylygy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyldy.