Indoneziýa: Köpçülikde adam gamçylamak

Açeh - Indoneziýada şerigat kanunlary ýola goýlan ýeke-täk welaýatdyr.

Bu welaýatyň ýaşaýjylary köplenç gomoseksuallyk, teniňi satmak, alkogolly içgileri içmek we humar oýunlaryny oýnamak bilen baglanyşykly köpçüligiň içinde gamçylanmak we daşlanmak ýaly çäreler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Ýaşaýjylary gamçylaýan adam özüni hiç kim tanamaz ýaly, köplenç halatda ýüzüni örtýar we uzyn köýnek geýýär.

Eger-de bir adam gomoseksuallykda günäli tapylsa, onda oňa köpçüligiň içinde 100 gamçy urulýar ýa-da 100 aý türme tussaglygyna höküm edilýär ýa bolmasa-da, bahasy 1 kilogram altyna barabar bolan pul jerimesini töleýär.
 

Suratda zenanlaryň tenini satmagynda aýallar bilen erkekleriň arasyndaky gepleşigi guramalaşdyrmakda höküm edilen zenany görse bolýar.

Indoneziýa dünýäniň iň köp musulman ilatly ýurdy bolup, Açeh welaýatynyň ilaty Musulman dininiň sünni akymyna uýýar.

Açeh welaýatynyň çäginde ahlak boýunça yslam polisiýasy hereket edýär. Olar ýaglyksyz ýa-da dar egin-eşikleri geýen zenanlary yzarlaýarlar.

Bu sebitde şerigatyň kanunlary diňe ýerlilere degişli bolman, bu territoriýa sapar eden daşary ýurtlylar hem bu kanunlary ýerine ýetirmäge borçly edilýär.

2012-nji ýylyň tomus paslynda Açeh welaýatynyň resmileri adamlary gamçylap jezalandyrmak ýaly çäreleriň düzgün bozulmalaryň statistikasyna o diýen oňyn täsir ýetirmeýändigini habar berdiler.