Türkmen görnüşleri - 24-nji hepde
Aşgabatda öý uprawleniýesiniň işgärleri üçin niýetlenen ulag serişdesi. Bu ulag eýýäm iki ýyl çemesi wagt bäri Aşgabadyň diňe käbir öý uprawleniýelerinde synagdan geçirilýär. Bu ulagda öý uprawleniýesiniň işgärleriniň öz edarasy üçin zeruru bolan ýük serişdelerini daşaýandygy habar berilýär.
Balkanabat şäherinde bir binanyň daşyndaky basgançaklarda oturan garry ene.
Aşgabatda öňki prezident S.Nyýazowyň “On at” atly diýlip atlandyrylýan monumentiň ýerinde goýlan ýadygärligi. Mundan ozal “Garaşsyzlygyň 10 ýyly” atly bu parkda Nyýazowyň bu ýadygärligi “On at” monumenti bilen birlikde durdy. Häzirki wagtda bu ýerde diňe Nyýazowyň ýadygärligi ýerleşýär.
Balkanabat şäherinde komunal hojalyk gullugynyň işgärleri köçelerdäki elektrik çyralaryna serenjam berýärler.
Mary welaýatyndan akyp geçýän Murgap derýasynda mundan 100 ýyl gowrak wagt öň gurlan Hindiguş gidroelektrik stansiýasy.
Lebap welaýatyndaky köpgatly jaýlaryň birindäki girelgede basgançagyň tutaryna berkidilen welosiped. Türkmenabat şäheriniň käbir ýerlerinde hususy garaž edinmek ýa-da gurmak gadagan bolany sebäpli, ýaşaýjylaryň özleriçe çykalga tapýandygy habar berilýär.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky serhet. Lebap welaýaty.
Aşgabatda 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa olimpiýa oýunlarynyň öňýanynda, şäheri abadanlaşdyrmagyň bir bölegi hökmünde köp gatly ýaşaýyş jaýlaryň daşyndaky split sistemalary aýryldy. Tomsuň gelmegi bilen, paýtagtlylar öz split sistemalaryny jaýlaryň girelgelerine oturdyp başladylar.
Balkanabat şäherinde täze doglan çagany we onuň enesini keselhanadan öýüne alyp gaýtmak üçin niýetlenen awtoulaglaryň biri. Soňky ýyllarda Türkmenistanda ýaşaýjylaryň täze doglan çagany we onuň enesini keselhanadan almaga gidende bezelen awtoulaglar bilen keselhana barýandygy habar berilýär.