Aýal adyny alan ýazyjy

Ýasmina Kadra

Ýasmina Kadranyň ady günbatar metbugatynda çykýan edebi makalalarda şu günki gün Fransiýada iň bir tanymal ýazyjylaryň hatarynda agzalýar.

Haçanda onuň eserleri fransuz dilinde ilki çap edilip ugranda, fransuz edebiýatyna musulman halklaryndan ýetişen bir zenan ýazyjy goşuldy diýip pikir edilipdir.

Emma ol Alžirde doglan musulman bolsa-da, hakykatda zenan adam däldi, erkekdi. Has anygy, Ýasmina Kadra alžirli ýazyjy Mohammed Moulessehoulyň (1955-nji ýylda doglan) edebi lakamy, ol alžir goşunynyň hatarynda ofiser bolup gulluk edýärkä, harby senzuradan sypmak üçin, aýalynyň adyny lakam edinip alýar.

Nämälimlik onuň Alžirdäki raýat urşy mahalynda aman galmagy we senzuradan gutulmagy üçin ýeke-täk çykalga bolupdy. «Newsweýek» ony 2004-nji ýylda «şu günki gün Alžirdäki zorluk-sütemiň manysyny düşündirip biljek seýrek ýazyjy» diýip atlandyrdy.

Emma onuň «Talyban» režimi astyndaky Owganystan barada ýazan «Kabulyň garlawaçlary» romany (The Swallows of Kabul) owgan durmuşyny özboluşly çeperçilik bilen açan bolsa, «Hüjüm» (The Attack) romany Ysraýylda bolýan wakalary inçeden yzarlamakda ykrar edildi.

«Kabulyň garlawaçlary» 2006-njy ýylda, «Hüjüm» 2008-nji ýylda iňlis dilinde ýazylan ýa-da iňlis diline terjime edilen çeper eserlere berilýän iň uly baýraga – Halkara IMPAC Dublin edebiýat sylagyna hödürlendi, «L'Attentat» romany 2006-njy ýylda Fransiýanyň, Belgiýanyň, Şweýsariýanyň we Kanadanyň bäş müň çemesi kitap dükanynyň saýlamagy bilen, «The Prix des libraires» baýragyny utdy.

Kadra 2006-njy ýylda Germaniýanyň SWR1 radiosy bilen söhbetdeşlikde şeýle diýdi: “Günbatar dünýäni öz isleýşi ýaly terjime edýär. Ol öz dünýägaraýşyna laýyk gelýän belli bir teoriýalary işläp düzýär, emma olar hemişe reallyga wekilçilik etmeýär.»

Ýasmina Kadra özi üçin ganhoruň gelip çykan tarapynyň, milletiniň ýokdugyny aýdýar. «Onuň milleti ýok, ol öz eden terslikleri bilen häsiýetlendirilýär we tanadylýar. Şu sebäpden men ol alžirli bolany üçin özümi günäkär duýmaly däl, biz ganhoruň gelip çykyşyny onuň hereketi bilen baglanyşdyrmagy bes etmeli» diýip, ol aýdýar.

Ýasmina Kadra 2007-nji ýylyň dekabrynda Pariždäki Alžir medeni merkeziniň direktory boldy. Ol 2013-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Alžiriň prezidentligine dalaşgärligini yglan etdi, emma prezident saýlanmady. Ýöne ol bu günki gün özüniň dürli ýurtlarda millionlap okyjysynyň bardygyny aýdýar.