G.Annanyýazow: Bagtymyzy ýatyrýan agzalalyk

Gulgeldi Annanyýazow

Adam hukuklaryny goraýan HRW guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-munuň Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistana edýän saparynyň öňünden ýaýradan beýanatynda, sebitiň beýleki dissidentleriniň hatarynda, türkmen dissidenti Gulgeldi Annanyýazowyň hem ady agzalýar.

Ýatladýarys, Gulgeldi Annanyýazow 1995-nji ýylyň 12-nji iýulynda Aşgabatda geçirilen anti-hökümet protestine gatnaşygy sebäpli uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Soň ol halkara hukuk guramalarynyň basyşlary netijesinde azatlyga çykyp, Norwegiýa emigrasiýa gitdi. Emma ýurtda häkimiýet çalşanyndan soň yzyna, Türkmenistan dolanyp bardy we gaýtadan türmä basyldy. Onuň şondan soňky ykbaly barada bilinýän zat az.

Azatlyk radiosy raýat aktiwisti, Türkmenistanda türme tussaglygyna höküm edilen Gulgeldi Annanyzow bilen 2004-nji ýylda geçirilen söhbetdeşlikden bir bölegi diňleýjilerine ýetirmegi makul bildi.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

G.Annanyýazow: Bagtymyzy ýatyrýan agzalalyk