AI: Aşgabatda hukuk meýdany daralýar

"Amnesty International" guramasynyň 2013-nji ýyldaky hasabatynyň jildi

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Merkezi Aziýa sebitine, şol sanda Türkmenistana sapar edýär.

Azatlyk radiosy Halkara günä geçiş guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Zulfiýa Abdullaýewa bilen habarlaşyp, AI-niň BMG-niň başlygynyň sapary mahalynda Türkmenisatnda nähili meseleleriň gozgalmagyny isleýändigini sorady.

Azatlyk radiosy: Zulfiýa, BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun türkmen prezidenti Berdimuhamedow bilen duşuşanda, siz onuň adam hukuklary babatda nähili meseleleri gozgamagyny isleýärsiňiz?

Zulfiýa Abdullaýewa: Bu örän seýrek sapar we meniň pikirimçe, BMG-niň Baş sekretarynyň bu regiona ikinji sapary bolup durýar. Gynansak-da, onuň saparynyň öň ýanynda, çykýan habarlara görä, sebitde adam hukuklary ýagdaýy görnetin ýaramazlyga tarap üýtgedi. Ýap-ýaňy bolsa biz Azatlyk radiosynyň ýurt içindäki bir habarçysynyň işini bes etmäge mejbur edilendigini eşitdik.

Türkmenistandaky beýleki meseleler barada aýdylanda, soňky aýlarda ol ýerde müňlerçe adam ýaşap oturan jaýlaryndan göçürildi. Olaryň käbirine dogry-düzüw dokumentiniň ýokdugy aýdylsa, başgalaryna jaý gurmak düzgünine doly eýermändigi aýdyldy. Bu adamlaryň indi köpüsiniň başga gidere, ýaşara ýeri ýok.

Mundan başga, soňky aýlarda Aşgabatda we beýleki şäherlerde adamlaryň satalit antennalary köpçülikleýin goparylyp aýryldy, bu olaryň garaşsyz informasiýa almak mümkinçiliklerini çäklendirdi.

Özem bu zatlaryň hemmesi Baş sekretaryň sapary mahalynda BMG-Türkmenistan adam hukuklary dialogynyň guraljak wagtynyň öň ýanynda bolýar. Onsoň men Baş sekretaryň bu meseleleri gozgamagyna umyt baglaýaryn. Şeýle-de men onuň diňe umuman adam hukuklary reformasynyň geçirilmegine basyş etmän, eýsem prezidentiň özüniň göniden-göni gatyşmagynda anyk syýasatlara we anyk adamlara täsir ýetirip biljek, ýagdaýyň gowulaşmagyna kömek edip biljek anyk meseleleri gozgamagyny isleýärin.

Azatlyk radiosy: Zulfiýa, AI biraz öň Türkmenistanda uzak möhletli tussaglyga höküm edilen Mansur Mingelowyň işi boýunça gyssagly hereket edilmegine çagyrdy. Sizde Mansur Mingelowyň işi boýunça nähilidir bir täzelik barmy?

Zulfiýa Abdullaýewa: Biz bu işi ýakyndan synlamagy dowam etdirýäris we Mingelowyň wekilleri we goldawçylary bilen dürli ädimler ädildi. Ýöne bu meselede edilen işler hakynda häzir hiç zat aýdyp biljek däl, sebäbi olara düşündiriş bererden entek biraz irräk.

Şol bir wagtda biz bu işi örän ýakyndan yzarlaýarys. Ýöne Baş sekretaryň sapary mahalynda Mingelowyň meselesiniň hem gozgalmagy gerek, sebäbi ol ýerde etniki azlyklara degişli aktiwist bolup, etniki azlyklaryň meselesini gozgamak juda kyn. Mingelowyň işinden görşümize görä, ol öz jemgyýetine wekilçilik edeni üçin jezalandyrylana çalym edýär.

Azatlyk radiosy: Zulfiýa, siz Türkmenistanda adam hukuklary ýagdaýynyň ugruna, bu ugurdaky tendensiýa nähili düşünýärsiňiz? Ýagny bu meselede ýurduň ugry hanjak?

Zulfiýa Abdullaýewa: Muňa düşünmek örän kyn. Men Ban Ki-munuň diňe adam hukuklaryny däl, eýsem klimat özgermesi, durnukly ösüş ýaly Türkmenistan üçin örän möhüm meseleleri maslahatlaşmaga barýandygyny bilýärin. Emma soňky ýyllarda bolýan zatlar barada aýdylanda, ýagny täze prezidentiň gelmegi bilen, ol ýerde jedelleşip, çekişip bilmek üçin, gowy, sagdyn hökümet syýasatyny işläp düzmek we durmuşa geçirmek üçin şert ýok.

Esasy azatlyklara rugsat bermezden we adamlaryň öz hukuklaryny ulanmagyna giňişlik döretmezden, ösüş, klimat özgermesi, biznes mümkinçilikleri we beýlekiler babatda ilerleme gazanmak kyn. Ol ýerde bolsa hukuklar hem azatlyklar giňişligi barha we barha daralýar, adamlar hökümet syýasatlaryny işläp düzmeklige gatnaşyp, bu barada maslahatlaşyp bilmeýärler. Olar, temmi berilmeginden gorkup, hökümetiň syýasatlarynyň işlemeýändigini aýdyp bilmeýärler. Onsoň adam hukuklary ýagdaýy, şonuň ýaly-da adamlaryň ýaşaýyş standartlaryny gowulandyrmak hem beýle gowy däl.