Türkmen görnüşleri - 23-nji hepde

Aşgabatda "Ýimpaş" söwda merkeziniň öňünde düňreilip duran araba.

Balkanabat şäherindäki monumentiň öňünde bag-bakja we güllere ideg edýän komunal hojalygyň işgärleri.

Aşgabat şäherinde çagasyny kolýaskada, ýagny çaga arabasynda gezelenç etdirýän ene.

Lebabyň futbol toparyna berilendigi aýdylýan awtoulag.

Aşgabadyň awtokombinat diýlip atlandyrylýan duralgasynda ulaglara tehniki gözegçilik etmek üçin niýetlenen ýer. Bu ýere oklanýan zir-zibilleriň wagtynda arassalanmaýandygy aýdylýar.

Balkanabat şäherinde S.Nyýazowyň monumentiniň öňündäki suw çüwdüriminde suwa düşýän çagalar. Türkmenistanda howanyň gyzmagy netijesinde çagalaryň golaý-goltumdaky suw çüwdürimlerde suwa düşýändigi habar berilýär. 

Aşgabadyň Çoganly daçalygyndaky jaýlardan galan harabaçylygyň arasynda galan bildirişleriň biri. Bu daçalyklardaky jaýlaryň ýykyljakdygy barada maglumatlar ýaýradylandan soň, bu sebitiň ýaşaýjylary öz jaýlarynyň daşyna bildirişler asyp başladylar. Bildirişlerde jaýlaryň satyljakdygy habar berildi.

Aşgabatdaky gelinalyjy awtoulaglarynyň biri.

Paýtagtda döwlete degişli "Aşgabat" telekanalynyň işgärleri şäherde wideo ýazgy edýärler.

Mary welaýatyndaky binalaryň birinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň portreti arassalanýar.

Balkanabat şäherindäki köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň biriniň daşynda oturan zenanlar.

Aşgabatda okuwdan soň taksä garaşyp duran talyplar.