Türkiýe: Saýlawlar Erdoganyň daşynda

Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň ilaty 7-nji iýunda parlament saýlawlaryna gatnaşar. Bu saýlawlar diňe bir täze hökümeti düzmek meselesine degişli bolman, eýse ýurduň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň geljekki syýasy ykbalyny-da kesgitlär.

Iş ýüzünde ses berijiler ýurduň Beýik milli gurultaýynyň 550 agzasyny saýlarlar. Emma munuň aňrysynda Erdogan öz häkimiýet başyndaky “Adalat we Ösüş” partiýasynyň ýeňşini üpjün etmek üçin ýurduň Konstitusiýasyna düýpli üýtgeşiklikleri girizmegiň aladasyny edýär.

Bu üýtgeşiklikleriň biri Türkiýede ýewropa stilindäki häzirki parlament sistemasyndan Erdoganyň ýolbaşçylygynda boljak prezident sistemasyna geçmek. Beýleki partiýalar bu pikire uly gyzyklanma bildirmediler. Olar häzirki parlament gurluşyny saklamak isleýärler.

Prezidenlik sistemasy näme berer?

Stambulyň Ykdysadyýeti we daşary syýasaty öwrenmek boýunça merkeziniň ýolbaşçysy Sinan Ulgen awgustda prezident saýlanan Erdoganyň prezidentlik sistemasyny goldamagyna munuň oňa öz elinde has köp häkimiýeti jemlemäge mümkinçilik berýändigi bilen baglydygyny aýtdy.

Ulgeniň sözlerine görä, prezidentlik sistemasyna geçilse, onda bu Erdogana öz ygtyýarlyklaryna degişli häzirki ”saklamak we deňagramlylyk sistemasyndan” saplanmaga mümkinçilik döredip bilerdi.

Öz tarapyndan Erdogan parlament sistemasynyň ykdysady ösüşi haýalladýandygy üçin üýtgedilmelidigini aýtdy. Häzirki parlament sistemasynda Erdoganyň prezidentlik ygtyýarlyklary, esasan, simwoliki häsiýete eýe.

Erdoganyň partiýasy [parlamentde] köpçülik bolup, 13 ýyl bäri Türkiýäni dolandyryp gelýär we onuň häzirki saýlawlarda hem ýeňiş gazanjagy çak edilýär. Emma synçylar soňky hepdelerde onuň bu gezek ýeňmek mümkinçiliginiň azalandygyny aýdýarlar. Erdoganyň we “Adalat hem Ösüş” partiýasynyň öňde goýýan maksatlary üçin iki sany görkezijiniň ähmiýeti bar, ýagny [parlamentde] 330 orun alsalar, onda “Adalat we Ösüş” partiýasyna ýurduň konstitusiýasyna referendum arkaly düzediş girizmäge we, eger 367 orun alsalar-da, onda bu konstitusiýa gös-göni düzedişler girizmäge mümkinçilik berýär. Emma bu sanlar häzir agzalýan partiýa üçin el ýeterden daşda.

Häzirki wagtda “Adalat we Ösüş” partiýasy parlamentde 311 orny eýeleýär, esasy dünýewi oppozision partiýanyň bolsa 125 orny bar. Galan ýerler beýleki ownuk partiýalaryň we garaşsyz dalaşgärleriň arasynda paýlanýar. Partiýalar orna dalaş etmek üçin sesleriň azyndan 10% -ni almaly bolýarlar.

Meşhurlygy pese gaçýar

Analitikler Erdoganyň hem “Adalat we Ösüş” partiýasynyň meşhurlygynyň pese gaçmagynyň birnäçe sebäbini getirýärler.

Olaryň arasynda korrupsiýa, gowşak ykdysadyýet we ýokary derejedäki işsizlik ýaly problemalar köp gozgalýar. Işsizligiň 11.3% derejededigi agzalýar we soňky bäş ýylyň dowamynda bu iň ýokary görkezijidir.

Üstesine, hökümetiň Stambuldaky Gezi parkyny ýok etmek synanyşygy we muňa nägilelik bildiren protestçilere garşy berk çäreleriň görülmegi Erdoganyň abraýyna zelel berdi.

Agzalan berk çäreleriň arasynda täze berk kanunlar kabul edildi, şol sanda polisiýa protestçilere garşy ýarag ulanmaga we adamlary suduň karary bolmazdan saklamaga rugsat berildi.

Oppozisiýanyň öňegidişligi

Ulgeniň sözlerine görä, käbir kiçi partiýalaryň, şol sanda kürtleriň tarapyny tutýan ilhalar Selýahattin Demirtaşyň ýolbaşçylygyndaky “Halk demokratik partiýasynyň” tiz ösmegi “Adalat we Ösüş” partiýasyna parlamentde doly agdyklyk etmegine päsgel berýär.

“Associated Press” agentligi adam hukuklary boýunça öňki aklawçy, 42 ýaşly Demirtaşyň “Halk demokratik partiýasynyň” Türkiýäniň kürt regionlarynyň daşynda-da öz işini ýaýbaňlandyrandygyny we ýurduň beýleki künjeklerinde çepçi we liberal ses berijileri özüne çekýändigini habar berdi. Demirtaş öz partiýasyny köp adamlaryň “Erdoganyň çäksiz häkimiýet baradaky pozisiýasyna” garşy durmaga ukyply ýeke-täk partiýa diýip hasaplaýandygyny aýtdy. Demirtaş “Assoсiated Press” agentligine “Erdoganyň ‘prezidentlik’ diýýänini biz ‘diktatura’ diýip atlandyrýarys” diýdi.

Eger “Halk demokratik partiýasy” parlamentiň düzümine girmek üçin saýlawçylaryň seslerini almakda 10%-lik derejeden geçip bilse, Ulgeniň sözlerine görä, bu “Adalat we Ösüş” partiýasynyň täsirini çäklendirip, onuň has köp ses almagyna päsgel berip biler.

Koalisiýa düzmek mümkinçiligi

Ulgeniň sözlerine görä, “Adalat we Ösüş partiýasynyň” kiçi partiýalar bilen birleşip, koalisiýa döretmegine ýa-da bu partiýalaryň Erdoganyň partiýasyna garşy birleşmegine degişli birnäçe senariler bar.

Ulgeniň sözlerine görä, bolup biläýjek ýagdaýlaryň biri - “Adalat we Ösüş” partiýasynyň “Milletçi hereket partiýasy” bilen birleşmeginden ybarat.

“Milletçi hereket partiýasy” hökümetiň ýurduň gündogaryndaky kürt gozgalaňçylary bilen parahatçylykly ylalaşyga gelmek boýunça tagallalaryna garşy çykyş edýär. Olaryň kürtler baradaky syýasatda özara tapawudyna garamazdan, partiýalaryň ikisi-de konserwatiw saýlawçylara ýüzlenýärler.

Ulgen döräp biljek beýleki ýagdaýyň “Adalat we Ösüş” partiýasynyň esasy oppozision partiýa bilen uly koalisiýany döretmegi bilen bagly bolup biljekdigini aýtdy, emma Erdoganyň muňa razy bolmagynyň ähtimallyk derejesiniň pesdigini, sebäbi munuň Erdoganyň prezidentlik sistemasyny ornaşdyrmak tagallalarynyň soňuna çykýandygyny aýtdy.

Beýleki ýagdaýlar ähli öňdebaryjy oppozision partiýalary öz içine alýan koalisiýanyň döremegi bilen bagly. Emma olaryň arasyndaky ideologiýa taýdan aratapawut hasaba alnanda, bu çözgüdi örän kyn mesele bolup biler.

“Associated Press” geçen ýyl prezidentligi güýçlendirmek barada yglan edende, Erdoganyň uly oýna başlandygyny ýazýar. Ol prezidentlik köşgüne geçip, parlamentdäki köplük arkaly öz wezipesini has güýçlendirip biljekdigine ynam baglapdy. Emma bu häzir 2002-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyryp gelýän adam üçin ýalňyşlyk bolana meňzeýär.