Kiýew türkmen gazyny almakçy

Türkmen ýetginjegi resmi dabara mahalynda, Şatlyk, maý, 2013.

Ukraina Türkmenistandan gaz import etmegiň mümkinçiliklerine seredýär.

TASS habar gullugynyň 4-nji iýunda Parižden ýaýradan maglumatyna görä, Ukrtransgaz strategiki planlaşdyryş departamentiniň wekili Anton Kolişnik çarşenbe güni žurnalistlere Ukrainanyň Türkmenistandan gaz import etmek mümkinçilikleri barada maslahat edýändigini aýtdy.

Onuň ekspert hökmündäki şahsy pikirine görä, türkmen gazyny suwaldylan görnüşde import etmek arkaly Ukrainanyň gaz importyny diwersifikasiýa etmek mümkinçiligi bar.

Ukraina türkmen gazyny Orsýete garaşsyz, göni import etmek meselesine öňräkden bäri gyzyklanma bildirýär.

Ukrain prezidentiniň metbugat gullugynyň mart aýynyň aýagynda ýaýradan maglumatyna görä, Kiýewde Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Reşit Meredow bilen ukrain ýolbaşçylarynyň arasynda bolan gepleşiklerde bu mesele ýene bir gezek gozgalypdy.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko şonda türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň ýokary derejede saklanylýandygyny, ýurduň tebigy gaz bilen üpjünçiliginiň türkmen gazynyň hasabyna putlandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändiklerini belläpdi.

Ukraina 2006-njy ýyla çenli Türkmenistandan ýylda Orsýetiň üsti bilen 36 milliard kub metre çenli gaz alýardy.

Ukrainanyň mundan öňki hökümeti hem Türkmenistanyň gazyny Orsýete garaşsyz, göni almak meselesi bilen gyzyklanypdy. Has anygy, 2013-nji ýylyň sentýabrynda ukrain hökümetiniň wise-premýeri Nikolaý Azarow ýerli habar serişdeleri bilen söhbetdeşlikde 2015-nji ýyldan başlap Kiýewiň Aşgabatdan göni tebigy gaz alyp başlajagyny aýdypdy.

TASS-yň berýän maglumatyna görä, Ukrtransgaz strategiki planlaşdyryş departamentiniň wekili Anton Kolişnik Orsýetiň Ukrainadaky häzirki syýasy ýagdaýlar bilen baglylykda türkmen gazynyň Ukraina import edilmegi bilen ylalaşjaga meňzemeýändigini hem sözüne goşupdyr.