Resmiler owgan-türkmen serhedine bardy

Türkmen esgeri serhede gözegçilik edýär

Owgan prezidenti Aşraf Gani Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Jowzjan welaýatyndaky Garkyn we Hamýap etraplarynyň eteginden akyp geçýän Amyderýanyň ortasynda dörän ada we türkmen-owgan serhediniň araçägi barada dörän dawalar dogrusynda derňewleriň geçirilmegi üçin ýörite komitet döretdi we ony gürrüňi edilýän sebite ugratdy.

Emma şol bir wagtyň özünde Owganystanyň Serhetler we Tire-taýpalar ministrliginiň tabşyrygy esasynda Jowizjan welaýatyna sapar edýän bu toparyň gürrüňi edilýän dawaly meseläniň täsiri ýetýän sebitlerine barmandygy habar berilýär. Bu ýagdaýa bolsa, Garkyn we Hamýap etrabynyň ýaşaýjylar öz nägileliklerini bildirýärler.

Kabuldaky habarçymyz Şamerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumaty.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Resmiler owgan-türkmen serhedine bardy