Türkmen görnüşleri - 22-nji hepde

Aşgabadyň awtobus duralgalarynyň birinde awtobusa garaşýan mekdep okuwçylary.

Aşgabadyň köçeleriniň birinde bir ýol belgisi aýrylyp, deregine beýlekisi goýlupdyr.

Aşgabadyň köçeleriniň birinde gök-bakja ýa-da süýt önümlerini satýan köçe söwdagärleri. ​​Türkmenistanda gyşyň sowuk, tomsuň yssy howa şertlerine garamazdan, köçe söwdagärleriniň ir ertirden öz iş ýerlerine çykýandygy aýdylýar.

Aşgabatda haýatlaryň aňyrsynda täze halkara aýroportyň gurluşygy üçin üýşürlen  gum depeleri. Bahasy 2.2 milliard dollara durýan "Oguzhan" aeroporty 2016-njy ýyla çenli işe girizilmeli. 

Balkanabadyň çagalar baglarynyň birinde oýun oýnaýan çagalar we olaryň terbiýeçileri.

Aşgabatda hojalyk işinde işleýän harby gullukçylar. Aşgabat şäherinde we beýleki welaýatlarda çagyryş boýunça harby gulluga alnan esgerleriň hojalyk işlerinde, köçelerde işledilýändigine häli-şindi duşsa bolýar.

Balkanabatda ýaşaýjylaryň käbirleri öz ýorgan-düşeklerini güne serýärler.

Balkanabatdaky jaýlaryň biri.

Aşgabadyň köpgatly ýaşaýyş jaýlaryndaky çana antennalar aýrylýar. Türkmen resmileriniň bu kampaniýasynyň çäginde paýtagtyň ençeme sebitindäki çanak antennalar aýrylýar. Onuň deregine döwlet eýeçiligindäki kabel liniýalar çekilýär.

Aşgabatda futbolkasynda adaty bolmadyk ýazgy ýazylan oglanyň awtobusdan düşüp barýan pursady.