Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlygy, Human Rights Watch guramalary we “Olary diri görkeziň” atly halkara kampaniýa 27-nji maýda Ýewropa Parlamentiniň jaýynda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça tegelek stol diskussiýasyny geçirýärler.
Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlyk guramasynyň çap eden maglumatyna görä, hökümete degişli bolmadyk guramalar Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasynda partnýorlyk we hyzmatdaşlyk ylalaşygyny tassyklamak boýunça ýakyn günlerde boljak gepleşikleriň öňüsyrasynda Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna syn bererler, şeýle-de Partnýorlyk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň adam hukuklary bilen bagly aladalanmalara seretmekde, Türkmenistany reformalara ündemekde has netijeli gural bolmagynyň mümkinçilikleri barada diskussiýa geçirerler.
Maglumatda ÝB-niň Türkmenistan bilen Partnýorlyk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň 1999-njy ýyldan bäri, ÝB-niň Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň ýaramazlygyna bildirýän aladalanmalary sebäpli, yza tesdirilip gelinýändigi we Türkmenistanyň dünýäde iň ýapyk repressiw ýurtlaryň biridigi bellenilýär.
Ýurtda söz azatlygynyň esassyz we çakdanaşa zabun çäklendirilmegi saklanyp galýar, media hökümetiň berk gözegçiliginde, garaşsyz žurnalistlere zor görkezilýär, syýasy köppikirlilik ýok, hökümetiň repressiw syýasaty garaşsyz we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň işlemegini kynlaşdyrýar. Bileleşmek we din azatlyklary sebäpsiz çäklendirilýär diýlip, hökümete degişli bolmadyk guramalaryň Brýusselde Türkmenistan boýunça geçirýän tegelek stol diskussiýasynyň öňüsyrasynda ýaýradan maglumatynda bellenýär.
Şeýle-de maglumatda Türkmenistanda tussaglaryň gynamalara sezewar edilýändigi, hereket azatlygyna, aýratynam raýatlaryň ýurduň daşyna çykmagyna çäklendirmeleriň saklanmagy bilen bagly problemalara üns çekilýär. Galyberse-de, 100-den gowrak adam tussaglykda doly üzňelikde, garyndaşlary, aklawçylary bilen gatnaşyksyz saklanýar we bu ýagdaý ýurtda adamlaryň zor bilen ýitirim edilmegine degişli aýylganç ýagdaýlaryň üstüni açýar diýlip nygtalýar.
Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlygynyň maglumatynda, Ýewropa Parlamenti 2011-nji ýylda Turkmenistan bilen ylalaşygy tassyklamakdan boýun gaçyraly bäri hiç hili öňegidişligiň bolmandygy, Ýewropa Parlamentiniň 2006-njy we 2010-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanda adam hukuklaryna gözegçilik etmek barada öňe süren talaplaryna zerurlygyň şu günki güne çenli saklanyp galýandygy nygtalýar.
Ýewropa Parlamentinde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen partnýorlyk we Hyzmatdaşlyk ylalaşygy boýunça diňlenişikler 1-nji iýunda başlanar.