“Google” elektron kitaplary okamagy ýeňilleşdirýär

"Google" kompaniýasynyň "Literata" atly täze şrifti, ýagny harp ýazuw görnüşi.

“Google” kompaniýasy “Google Play Books” elektron kitap programmasy üçin “Literata” atly täze şrift, ýagny harp ýazuw görnüşini köpçülige hödürledi.

Soňky döwürlerde elektron kitaplara bolan talabyň artmagy netijesinde tehnologiýa kompaniýalarynyň ençemesi ulanyjylar üçin has rahat okamagyň mümkinçiligini döretmäge synanyşýar.

“Google” kompaniýasy bu ugurda täze bir ädim ätdi.

Ýagny, bu kompaniýa “Google Play Books” programmasynda ulanylýan “Droid Serif” şriftini “Literata” harp ýazuw görnüşi bilen çalyşdy.

Gürrüňi edilýän kompaniýanyň maglumatyna görä, täze şrift has rahat okalýanlygy sebäpli ulanyjylaryň has köp okamagyna mümkinçilik döreder.

Täze “Literata” şrifti “Google Play Books” programmasynyň 3,4,5-nji wersiýalarynda ulanyşa berildi.

“Google” kompaniýasy täze şriftiň okyjylaryň göwnünden turjakdygyna we elektron kitap okaýanlaryň sanyny artdyrjakdygyna umyt edýär.