25-29-njy maý aralygynda dünýäde dereksiz ýitenleriň halkara hepdesi bellenilýär. Dünýäde zor bilen ýitirim edilýän adamlaryň ykbalyna ünsi çekmek maksady bilen geçirilýän bu hepdäniň dowamynda her bir adamyny Dereksiz ýitirim edilmekden goramak boýunça halkara konwensiýasyny tassyklamaga we durmuşa geçirmäge çagyrylýar. Şu günki gün dünýäde zor bilen ýitirim edilenleriň sanynyň 43 müňden geçýändigi habar berilýär.
Maý aýynyň soňky hepdesinde dereksiz ýitenleriň halkara hepdesi bellenilýär. Bu sene ýitirim bolan müňlerçe adamyň maşgalalary we näbelli türmelerde saklanýan we boşadylmagyna garaşýan dereksiz ýiten müňlerçe adam barada ýatlama bolup durýar diýip, adamlaryň zor bilen ýitirim edilmegine garşy halkara koalisiýasynyň beýannamasynda aýdylýar.
Adamlaryň zor bilen ýitirim edilmegine garşy halkara koalisiýasy we onuň 53 agzasy adamlary zor bilen ýitirim edilmekden goramak boýunça halkara konwensiýasyny tassyklamaga hem durmuşa geçirmäge, BMG-niň Zor bilen ýitirim edilmegine garşy komitetiniň ygtyýarlygyny ykrar etmäge we ýitirim etmekligi kriminallaşdyrýan içerki kanunlary kabul etmäge çagyrýar.
Konwensiýada adam zor bilen ýitirim edilende onuň depelenýän adam hukuklarynyň ençemesi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda BMG-niň Zor bilen ýitirim edilmeler boýunça işçi toparynyň garamagynda dünýäniň 88 ýurdunda ýitirim bolan 43 250 adamyň ykbalyna degişli maglumatyň bardygy habar berilýär.
Türkmenistanda dereksiz ýitenler
Türkmenistanda dereksiz ýitirim bolan adamlaryň sany barada takyk maglumat elýeterli däl. “Olary diri görkeziň” atly halkara kampaniýasynyň düzen sanawynda türkmen türmelerinde dereksiz ýiten 65 adam barada maglumat berilýär. Olaryň aglaba köpüsi 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kest etmek synanyşygy diýilýan wakalar bilen baglylykda tussag edilip, ondan soňky ykbaly nämälim galýan adamlar, şeýle-de Nyýazowyň goly astynda işlän ýokary wezipeli öňki resmileriň birnäçesi bar.
Türkmen türmesinde dereksiz ýitenleriň biri, Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri Boris Şyhmyradow 25-nji maýda 66 ýaşady.
Adam hukuklaryny goraýjy “Türkmen Inisiatiwasy” guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin Türkmenistanda adamlary ýitirim etmek tejribesiniň Sapamyrat Nyýazowyň döwründe “onuň öz garşydaşlaryndan ar almak üçin olary türmä basyp başlansoň” ornaşandygyny aýtdy.
Tuhbatullin 25-nji noýabr wakalaryndan başga-da adamlaryň köpçülikleýin dereksiz ýitmegine degişli ýene bir wakanyň şol ýylyň başynda hem bolandygyny belledi: “2002-nji ýylyň bahar aýlarynda Milli howpsuzlyk komitetiniň ýolbaşçylarynyň uly topary türmä basyldy. Olaryň tussaglyk möhleti indi dolan hem bolsa, olar boşadylmady. Olaryň aklawçylary, garyndaşlary hiç zat edip bilmeýärler. Şol tussaglaryň ençemesiniň ykbaly hem nämälim bolup galýar”.
Tuhbatulliniň sözlerine görä, Türkmenistanda kanuny goraýjy sistemanyň aýdyňsyzlygynyň adamlaryň ýitirim edilmegi bilen bagly tejribäniň saklanyp galmagyna şert döredýändigini belleýär: “Sistemanyň aýdyňsyzlygy, ýitirim edilen öňki resmiler we häkimiýete loýal bolmadyk adamlar bilen bir hatarda islendik derejeli ýolbaşçynyň öz göwnünden turmadyklary jezalandyrmaga şert döredýär. Ýagny, ýerli häkimiýet resmisi öz bähbidi üçin islän adamyň türmä düşmegini we ýitirim bolmagyny gazanyp bilýar. Muny soň hiç kim derňemeýär. [Hiç kes] adamyň hukugyny goramaýar”.
Halkara resminamalar
Adamlaryň zor bilen ýitirim edilmegine garşy halkara koalisiýanyň dereksiz ýitenleriň halkara hepdeliginde ýaýradan beýannamasynda adamlary zor bilen ýitirim edilmekden goramak boýunça halkara konwensiýasyna gol çekmedik, tassyklamadyk we öz milli kanunlaryny kämilleşdirmedik hökümetler bu işi gaýragoýulmasyz berjaý etmäge çagyrylýar.
Adamlary ýitirim edilmekden goramak boýunça halkara konwensiýa 2006-njy ýylyň dekabr aýynda kabul edildi we 2010-njy ýylyň dekabr aýynda durmuşa geçirildi. Oňa dünýäniň 94 ýurdy gol çekdi, olardan 46 ýurt [bu kanuny] tassyklady. Türkmenistan bu ýurtlaryň hataryna girmeýär.
Adamlary zor bilen ýitirim edilmekden goramaklyga BMG-niň 1992-nji ýylda kabul eden deklarasiýasynda hem kepil geçiliýär.