Aşgabat, Yslamabat TOPH-a ygrarly

TOPH proýekti

Türkmenistan we Pakistan regional energiýa taslamlarynyň, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçiriji proýektiniň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini tekrarladylar.

Bu barada çarşenbe güni Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarifiň Türkmenistana eden resmi saparynyň dowamynda mälim edildi. Duşuşykdan soň gurnalan metbugat ýygnagynyň dowamynda türkmen lideri Gurbanguly Berdimuhamedow beýleki meseleler bilen bir hatarda TOPH proýekti barada hem pikir alşylandygyny aýtdy.

Nawaz Şarif türkmen gazyny Owganystanyň we Hindistanyň üstünden Pakistana akdyrmaga mümkinçilik berjek bu proýektiň regiondaky integrasiýany güýçlendirmäge hem hemaýat etjekdigini belledi.

Gürrüňi gidýän geçirijiniň jemi uzunlygy 1,735 km bolmaly we onuň 200 kilometri Türkmenistanyň içinden, 735 kilometri Owganystanyň, 800 kilometri Pakistanyň içinden geçip, Hindistan bilen serhetdäki “Fazilka” diýen ýere barmaly.

Resmi metbugat Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Hojamuhammedowyň bu proýektiň durmuşa geçirilmegi ugrunda alnyp barylýan işler barada hem hasabat berendigini habar berse-de, bu işleriň jikme-jik detallary we anyk mazmuny barada hiç zat aýtmady.

Şol bir wagtda-da käbir energiýa eskpertleri Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýylda 33 milliard kubometr tebigy gaz akdyryljakdygy aýdylýan bu gazgeçirijiniň durmuşa geçirilmegine bökdençlik döredýändigini belleýärler.

Türkmen tarapynyň çakylygy esasynda iki günlük resmi sapar bilen gelen Nawaz Şarif bilen geçirilen gepleşiklerde iki döwletiň arasyndaky özara transport we aragatnaşyk hyzmatdaşlygy barada hem pikir alşylandygy habar berilýär.

Gepleşikleriň netijesinde Türkmenistan bilen Pakistanyň dürli döwlet edaralarynyň arasynda ençeme dokumentlere hem gol çekildi.

Türkmenistan bilen Pakistan Yslam respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy maýynda ýola goýuldy.