Türkmen-owgan serhedinde ýerleşýän Owganystanyň Marçak obasyny häzir “Talyban” söweşijileriniň basyp alandygy, hökümet güýçleriniň hem olara garşy harby operasiýany geçirýändigi habar berilýär.
Şol bir wagtda, ýerli ýaşaýjylaryň gazaplylykdan gaçyp, Türkmenistan serhediniň golaýyna gelendikleri, emma Aşgabadyň olara hemaýat bermeýändigi hem aýdylýar.
Bu dörän soňky ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymerdanguly Myrady marçakly il ýaşulysy Hajy Muhammet Emin bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar