"The New York Times" neşri ýokanç keseller sebäpli gaty köp adama rak we öňelgesizlik ýaly gaty köp keselleriň howpunyň abanýandygyndan ynjalyksyzlanýar. Ýöne gözellik senagatynda häzire çenli hiç kim özüniň, işgärleriniň hem hünärmenleriniň saglygy barada çynlakaý pikir etmeýär. Has möhüm ýeri gözellik hyzmatlarynyň berilýän ýerlerine gelýän müşderileriň saglyk ýagdaýyna üns berilmeýär.
Eger ösen Günbatar ýurtlarynda ýagdaý şeýle bolýan bolsa, onda Gyrgyzystan barada näme aýdylyp bolar? Sowalyň jogabyny gözläp Bişkekdäki gözellik salonlarynyň käbirine baryp gördük.
Meerim söwda merkezinde ýerleşýän gözellik salonunda işleýär. Ol ir bilen sagat dokuzdan agşam sagat dokuza çenli işleýär. Meerim on iki iş sagadynyň dowamynda on müşderä hyzmat edip ýetişýär: "Biz arakesmesiz 12 sagat işleýäris. Köplenç dyrnaga çalynýan lak ýaly dürli himiki maddalaryň ýiti ysy sebäpli kelleagyry döräp bilýär. Käýarym gözleriň hem gyzarýar. Işiň himiki serişdeler bilen arabaglanyşykly bolansoň hiç hili çykalgaň bolanok. Saglyga zyýanly bolansoň ýolbaşçylarymyz hem bize çakdanaşa köp işlemäň diýip duýdyryş berýärler. Ýöne biz gyrgyzlar çydap, işläp ýörüs".
Laky aýyrmak üçin ulanylýan suwuk serişdeleriň düzümindäki akatseton, atsetonitril, butil, etil we izopropil ýaly himiki maddalaryň ysy dem alyş organlary arkaly bedene aralaşan mahaly kelleagyry döredýär. Şeýle serişdeleri ulanýan işgärlerde diňe bir kelleagyry däl, eýsem ýürek bulanma, gözüň guramagy hem gijemegi, şeýle-de burun we bokurdakda gijilewük emele gelmegi ýaly ýagdaýlar hem ýüze çykýar.
Lakyň düzümindäki himiki maddalar şeýle-de allergiýa sebäp bolup bilýär. Meerimiň aýtmagyna görä, onuň käbir işdeşleri saglyk taýdan dürli problemalara duçar bolupdyrlar. Bu ýene o diýen gorkunç ýagdaý däl. Soňky wagtlarda gözellik salonlarynda "gepatit C" keseli ýokuşan adamlara köp duş gelinip başlapdyr. Bu ýagdaýdan has köp manikýur edýän we onuň müşderisi ezýet çekýär.
Hekim Çolpon Idrisowa gözellik salonlarynda kesel ýokuşýanlaryň barha köpelmeginden özüniň diýseň ynjalyksyzlanýandygyny aýdýar: "Manikýur we pedikýur edilen mahaly ulanylýan enjamlar hem abzallar hiç wagt arassalanmaýar. Olar hamala uçujy spirt bilen arassalanýan ýaly edip görkezýärler. Ýöne gepatit wirusyny şeýle usul bilen ýok edip bolmaýar. Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda manikýur, pedikýur, gulagy we buryn bilen dili deşdirmek diýseň ýörgünli. Munyň netijesinde bolsa gipatit keseliniň dürli görnüşleri bilen keselleýän köpçüligiň sany barha ýokarlanýar".
Gyrgyzstanyň paýtagtynda manikýur üçin tölenýän tölegiň möçberi 250 somdan 600 soma baryp ýetýär. Nýu-Ýorkda şeýle hyzmata 100 Amerikan dollaryndan köp tölenýär. Manikýur bilen meşgullanýan işgärleriň ýagdaýy göz öňünde tutulyp, dünýä boýunça manikýur iň az dynç alynýan hünärleriň hatarynda görkezilýär.
Nýu-Ýorkuň zähmet baradaky döwlet edarasynyň maglumatyna görä, şeýle hünärdäki işgärleriň aýlyklary hojaýynlary tarapyndan ýygy-ýygydan kesilýär. Ýöne manikýur senagaty bolsa ähli oňaýsyz ýagdaýlara garamazdan has çalt depginde ösmäge hem kämilleşmäge dowam edýär.