Saud Arabystany neşe gaçakçylygy bilen baglanyşykly ölüm jezasyna höküm edilen pakistanly raýatyň kellesini kesdi.
Saud Arabystanynyň Içeri işler ministrliginiň 17-nji maýda beren maglumatyna görä, munuň netijesinde şu ýyl şalykda dardan asylan tussaglaryň sany 84-e ýetdi.
Ministrligiň beýanatynda aýdylmagyna görä, Iftihar Ahmed Mohammed Anaýat Saud Arabystanyna öz aşgazanyna ýerleşdirilen şarlar arkaly geroin getirmäge synanyşmakda günäli tapylypdyr.
Anaýat Gyzyl deňziniň kenaryndaky Jeddah şäherinde höküm edilipdi.
2014-nji ýylda adam hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy Saud Arabystanyny dünýäde tussaglary ölüm jezasyna iň köp höküm edýän üç ýurduň arasynda ýerleşdiripdi.