Türkmen görnüşleri - 20-nji hepde

Aşgabadyň Şor daçalygyndaky ýaşaýyş jaýlaryň biriniň daşynda ýazylan bildiriş. ​Aşgabadyň etegindäki Şor posýology bilen ýanaşyk oturan Şor daçalarynyň ýaşaýjylaryna öz jaýlaryny söküp aýyrmaklary barada resmiler tarapyndan duýduryş berilendigi aýdylýar. Käbir ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, jaýlaryny söküp aýyrmadyk ýaşaýjylaryň jaýlarynyň ýykyljakdygy mälim edilipdir.

Balkanabatda çagalar agajyň gapdalyndaky gum depesine çykyp oýnaýarlar.

Aşgabatda çäreden gaýdyp barýan studentler.

Aşgabadyň komunal hojalyk edarasynyň işgärleri Magtymguly köçesi bilen Andalyp köçesiniň çatrygyny arassalaýarlar.

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň golaýyndaky türkmen-özbek serhedi.

Bekrewedäki Baky ot ýadygärlikler toplumynyň basgançaklaryndan ýokary çykyp barýan ýaşaýjylar.

Aşgabadyň Parahat mikroraýonyndaky köçeleriň birinde işleýän komunal hojalyk edarasynyň işgärleri.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Amy derýadaky gämileriň biri.

Balkanabadyň seýilgähindäki oturgyçda oturyp dynç alýan komunal hojalyk edarasynyň işgäri.

Aşgabadyň Çoganly posýologyndaky hususy dükanlaryň biri.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýadygärlikleriň birinde surata düşýän ýaşaýjylar.

Balkanabadyň çagalar baglarynyň birinde terbiýeçi zenan bilen çagalar.